Soňky habarlar

Arhiw

FIFA Türkmenistandan zehinlileri gözleýär

11:0220.05.2023
0
43042

FIFA-nyň sebitleýin tehniki gözükdirijisi Gaýoz Darsadze (Gruziýa) 17-19-njy maý aralygynda Türkmenistanda iş sapary bilen boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

FIFA-nyň tehniki gözükdirijisi iki günlük iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylar düzümi hem-de TFF-niň Tehniki bölüminiň hünärmenleri bilen 2023-nji – 2026-njy ýyllaryň aralygyna niýetlenen Zehinleri ösdürmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy. Mundan başga-da, FIFA-nyň wekili ýerli futbol hünärmenleri bilen golaý geljekde Türkmenistanda futboly ösdürmek babatynda hem gepleşikleri geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, maksatnamanyň özeni ýerli futbol assosiasiýalarda hem-de federasiýalarda ýaş oýunçylary taýýarlap ýetişdirmek babatynda seljerme işlerini geçirmekden ybarat bolup durýar. Şol bir wagtda, FIFA-nyň hünärmenleriniň işläp düzen taslamasy her bir ýurduň milli mentalitetini göz öňünde tutup, onuň durmuşa geçirilmegini meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň