Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Siti» öz taryhynda dokuzynjy gezek Angliýanyň çempiony boldy

01:2321.05.2023
0
30822
«Mançester Siti» öz taryhynda dokuzynjy gezek Angliýanyň çempiony boldy
Surat: championat.com

«Arsenalyň» Angliýanyň premýer-ligasynyň 37-nji tapgyrynda «Nottingem Forestden» ýeňilmegi (1:0) london klubynyň çempionlyk üçin göreşden çykmagyna sebäp boldy. Şeýlelikde, «Mançester Siti» bassyr üçünji gezek, umumylykda bolsa dokuzynjy gezek Angliýanyň çempionyna öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, «Mançester Siti» 35 oýunda 85 utuk toplap, turnir tablisasynda liderlik edýär. «Arsenalyň» hasabynda bolsa 37 utukda toplanan 81 utuk bar. «Mançester Siti» 37-nji tapgyryň oýnunda ýekşenbe güni öz meýdanynda «Çelsini» kabul eder.

Mundan başga-da, «Mançester Sitiniň» häzirki wagtda bir möwsümde üç kobugy eýelemäge (trebl etmäge) ýakyn durandygyny nygtamak gerek. Pep Gwardiolanyň tälim berýän topary 3-nji iýunda London şäherindäki «Uembli» stadionynda bolup geçjek Angliýanyň Kubogynyň finalynda «Mançester Ýunaýted» bilen duşuşar. 10-njy iýunda bolsa Stambul şäherinde geçiriljek ÝÇL-iň final oýnunda «Inter» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň