Türkmenistan Aşgabatdan Delä howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar, türkmen mekdep okuwçylary Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandylar, Çagalary goramagyň halkara gününde Aşgabatda geýimli konsert geçiriler we beýleki habarlar

10:4013.05.2023
0
31866

Türkmenistanda

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 24-nji maýdan başlap, Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny hepdede iki gezege çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Petekler awiakompaniýanyň resmi saýtynda satuwa çykaryldy. Uçuş tertibine laýyklykda, gatnawlar çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar. Goşmaça maglumatlary anyklamak üçin ýolagçylar sowal-jogap gullugyna +99312391717 we 085 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilerler.

2. Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň dört okuwçysy Astanada geçirilen 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň hersi öýüne bir medaldan – 1 kümüş we 3 bürünç medal getirdiler. Mendeleýew olimpiadasyna 21 ýurtdan jemi 116 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Olimpiada Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guraldy.

3. 28-nji maýda Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan «Kiçijik ýurt» atly geýimli konsert geçiriler. Konsertiň maksatnamasy dürli sowet we «Disneý» ertekileriniň sýužet hekaýalaryndan ybaratdyr. Konsert «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde sagat 16.30-da başlanar. Petekleri satyn almak meseleleri boýunça (+993 61) 72 78 63; (+993 62) 93 74 41 belgilerine jaň edip bilersiňiz.

4. Türk aktýory Burak Özçiwit türkmenistanly muşdaklaryna salam iberdi. «Men ähli türkmen dostlaryma salam iberýärin» diýip, Burak Özçiwit aýtdy. Wideo arkaly ýüzlenmäni garyşyk başa-baş söweş sungatlary boýunça söweş ussady Döwletjan Ýagşymyradow öz sosial ulgamdaky sahypasynda paýlaşdy. Paýlaşylan wideoşekillerden çen tutsak, Ýagşymyradow Türkiýäniň «ATV» teleýaýlymynda berilýän «Guruluş: Osman» teleserialynyň dördünji möwsüminiň 125-nji bölüminiň surata düşürilmegine gatnaşdy. «Guruluş: Osman» serialy Beýik Osman imperiýasynyň düýbüni tutujy, meşhur Ärtogrulyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagyny hem öz içine alýan möhüm taryhy döwür barada gürrüň berýär.

5. 20-nji we 21-nji maýda Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Gruziýanyň minankari ussalarynyň şaý-sepler sergisi geçiriler. Sergi Gruziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde guralýar. Minankari – bu tebigy emal ulanyp, şaý-sepleri ýasamagyň gadymy gruzin usulydyr. Sergä giriş mugt.

Dünýäde

6. Ilon Mask mikroblogynda «Twitter-iň» baş direktory wezipesini ýerine ýetirjek mirasdüşer tapandygyny habar berdi. Täze baş direktor 6 hepdeden işe girişer we onuň «NBC Universal» mediakompaniýasynyň mahabat bölüminiň müdiri bolup biljekdigi çaklanylýar. Telekeçiniň özi direktorlar geňeşiniň başlygy we «Twitter-iň» tehniki direktory wezipesini ýerine ýetirer. Ol önümiň ösüşine, programma üpjünçiligine we esasy ulgamlara gözegçilik etmegini dowam etdirer.

7. Jonni Depp 25 ýyllyk arakesmeden soň režissýorlyga gaýdyp gelýär we täze filmini surata düşürmäge girişer. Deppiň ikinji režissýorlyk işi bolan «Modi» filmi XX asyryň başlarynda meşhur italýan ekspressionist suratkeş Amedeo Modilýaniniň terjimehalyna bagyşlanar. Filmiň üstünde işlemäge Al Paçino hem gatnaşýar. Surata düşürmek işleri Wengriýanyň paýtagty Budapeştde şu ýylyň güýzünde başlanar.

Sport habarlary

8. Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi Portugaliýanyň futbol federasiýasy bilen bilelikde Stambulyň ýerine häzirki Çempionlar ligasynyň finalyny bu ýerde geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Hasabatda UEFA-nyň ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawlary sebäpli Türkiýede bolup biljek bidüzgünçiliklerden howatyrlanýandygy bellenilýär. Çeşmäniň habaryna görä, UEFA-nyň ýolbaşçylygy ýaryşyň aýgytly oýnunyň Türkiýeden Lissabona geçirilmegi barada Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň wekilleri bilen resmi däl gepleşikler geçirdi.

9. Türkmenistanda milli futbol ligasynyň 6-njy tapgyrynyň oýunlary başlandy. Anna güni üç duşuşyk geçirildi. «Aşgabat» 2:0 hasabynda «Ahaldan» üstün çykdy. «Altyn asyr» 4:0 hasabynda «Şagadamy» ýeňdi. «Merw» «Köpetdag» bilen deňme-deň oýnady, duşuşyk 2: 2 hasabynda tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň