Soňky habarlar

Arhiw

TÝL: «Merw» «Köpetdag» bilen deň oýnady

23:4412.05.2023
0
24993

Marynyň «Merw» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynda «Köpetdag» bilen 2:2 hasabynda deň oýnady. Duşuşyk şu gün Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.

Häzirki wagtda 6 oýunda 11 utuk toplan «Köpetdag» turnir tablisasynda üçünji orny eýeläp dur. 5 oýunda 4 utuk toplan «Merw» bolsa altynjy orunda barýar.

«Merw» çempionatdaky indiki oýnuny 17-nji maýda myhmançylykda «Şagadama» garşy geçirer. «Köpetdag» bolsa indiki duşuşygynda Türkmenistanyň Kubogynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» topary bilen oýnar. Oýun 20-nji maýda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň