Meşhur türk aktýory Burak Özçiwit türkmenistanly muşdaklaryna salam iberdi.
Burak Özçiwit: «Men ähli türkmen dostlarymyza salam iberýärin» diýdi. Degişli wideoýüzlenmäni garyşyk söweş sungaty boýunça tanymal türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow öz sosial sahypasynda paýlaşdy.
Neşir edilen suratlara görä, Ýagşymyradow Türkiýäniň ATV teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Kuruluş: Osman» teleserialynyň dördünji möwsüminiň 125-nji bölüminiň surata düşürilmegine gatnaşdy.
Döwletjan Ýagşymyradow ozal filmiň üçünji möwsüminiň jemlemesinde surata düşdi. Ýagşymyradow onda konýaly Balabanyň keşbini ýerine ýetirdi.
Bu film Osman imperiýasynyň beýik hökümdary Ärtogrul gazynyň ogly Osman gazynyň tagta çykmagy we döwleti dolandyrmagy bilen baglanyşykly gyzykly taryhy wakalary mazmunynda jemleýär.
Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator MMA guramasy bilen şertnama baglaşan ilkinji türkmenistanly türgendigini bellemek gerek. Ol amerikan promowşny bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy.