Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryny hepdede iki gezege çenli artdyrar

17:5612.05.2023
0
52314

2023-nji ýylyň 24-nji maýyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä (Hindistan) uçuşlaryň ýygylygyny hepdede iki gezege çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

Häzir uçuşlar hepdede bir gezek (ýekşenbe günleri) amala aşyrylýar we 24-nji maýdan uçuşlaryň ýygylygy hepdede iki gezege çenli artar. Meýilnama boýunça uçuşlar çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Çarşenbe güni «T5531» uçary Aşgabatdan sagat 02:05-de uçup, Delide 06:15-de gonar (ýerli wagt). Deliden ugramak sagat 07:45-de bolup, uçar 11:00-da (Aşgabat wagty) Aşgabada gonýar.

Penşenbe güni «T5539» uçary Aşgabatdan sagat 08:20-de uçup, Delide (ýerli wagt) 12:30-da gonar. Deliden ugramak sagat 14:00-da bolup, uçar Aşgabada sagat 17:15-de (Aşgabat wagty) geler.

Bir taraplaýyn petekleriň bahasy 5532 manat 70 teňňe. Petek üçin awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda «Altyn Asyr» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, töleg edip bilersiňiz.

Goşmaça maglumatlary anyklamak üçin ýolagçylar +99312391717 we 085 telefon belgisine jaň edip bilerler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň mart aýynda Aşgabatdan Deliniň Indira Gandi adyndaky halkara howa menziline yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan ýola goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň