Soňky habarlar

Arhiw

«Alpha Home» Türkmenistanda jaýlary abatlamak we mebel öndürmek hyzmatlaryny hödürleýär

10:3605.05.2023
0
47167

«Umytly Ýol» HK-nyň «Alpha Home» dizaýn studiýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna jaýlary we otaglary abatlamak hem-de bezemek, ýumşak we gabaraly mebelleriň ähli görnüşlerini taýýarlamak we mundan başga-da köp sanly hyzmatlary hödürleýär.

«Alpha Home» studiýasynyň hünärmenleri kaşaň nusgawy stilden başlap, sada loft stiline çenli sargyt esasynda islendik görnüşli mebelleri taýýarlaýarlar. Studiýada ýumşak mebel toplumyny, ýatylýan otag toplumyny, naharhana, çagalar otagy, eýwan, iş otagy üçin mebelleri sargyt etmek mümkindir. Ähli işler bellenilen wagtynda we müşderiniň ähli islegleri göz öňünde tutulyp ýerine ýetiriler. «Alpha Home» studiýasynyň ussalary mebel önümçiliginde öňdebaryjy türk öndürijileriniň iň ýokary hilli materiallaryny we esbaplaryny ulanýarlar, önümlere alty aýa çenli kepillik berilýär.

Şeýle hem kompaniýanyň ussalary jaýlary abatlamagyň ähli görnüşlerini amala aşyrýarlar:

  • santehnika işleri;
  • elektrik bilen baglanyşykly işler;
  • suwag-boýag işleri;
  • professional mebel dizaýneriniň maslahatlary.

Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, kompaniýa satyn alynmaly zerur gurluşyk materiallarynyň yzygderlilikdäki sanawyny taýýarlamagy we müşderiniň islegi boýunça taslamanyň deslapky 3D şekilini amala aşyrmak üçin otag dizaýneriň tölegsiz esasda baryp görmegini gurnaýar.

Şeýlelik bilen, «Alpha Home» studiýasyna ýüz tutmak bilen, müşderiler abatlamak işlerini geçirmek we gurluşyny täzelemek arkaly öýlerini düýbünden üýtgetmäge mümkinçilik alýarlar.

Mundan başga-da, «Alpha Home» tölegini 3 aýdan 6 aýa çenli möhletlere bölüp tölemek ýeňilligi bilen mebel taýýarlamagy sargyt etmek mümkinçiligini döredýär. Töleg möhletlere bölünende pasportyň göçürmesini we iş ýerinden kepilnama getirmek hem-de sargydyň umumy bahasynyň 30% geçirmek ýeterlikdir, galyberse-de, möhletlere bölmek mümkinçiligi üçin bahanyň üstüne göterim goşulmaýar.

«Alpha Home» kompaniýasynyň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 186, «Bereket» binasy, girelge howludan.

Maslahat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81, (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň