Soňky habarlar

Arhiw

«Alpha Home» möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi bilen sargyt esasynda ýumşak mebelleriň ähli görnüşlerini öndürýär

14:1713.04.2023
0
48072

«Umytly Ýol» HK-nyň «Alpha Home» dizaýn-studiýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna sargyt esasynda ýumşak mebelleriň ähli görnüşlerini öndürmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Studiýanyň tejribeli ussalary myhman otaglary, ýatylýan otaglar, çaga otaglary, iş otaglary üçin dürli görnüşdäki mebelleri ýasarlar: nusgawy diwanlar, transformer diwanlar, kürsüler, iki adamlyk we bir adamlyk krowatlar, rahat oturgyçlar, ýassyklar we beýlekiler.

Studiýanyň dizaýneri mugt maslahat berer, şeýle hem müşderiniň islegine görä, studiýa nusganyň ýa-da ähli mebeller toplumynyň deslapky 3D wizual görnüşini görkezer.

Mebelleri örtmek we bezeg esbaplary üçin matalaryň giň görnüşleri peýdalanylýar. Mebel taýýarlanylda Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň ýokary hilli materiallary we goşmaça gurluşlary ulanylýar. Studiýa önümlerine alty aýa çenli kepillik berýär.

Şeýle hem «Alpha Home» mebeli taýýarlamak üçin öňünden 30% töleg geçirmek bilen 3 aýdan 6 aýa çenli möhletlere bölüp tölemek ýeňilligini resmileşdirmäge mümkinçilik berýär.

«Alpha Home» studiýasynyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 186, «Bereket» binasy, girelge howluda.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 и (+993 12) 12 12 91.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň