Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdan Daşoguza otly gatnawy indi günde iki gezek amala aşyrylar

12:5826.04.2023
0
46889

Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat aralygynda ýolagçy otly gatnawy indi her gün iki gezek amala aşyrylar. Gatnawyň täze meýilnamasy «Demirýollary» açyk görnüşler paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda çap edildi.

Şeýlelikde, ýolagçy otlusynyň biri her gün sagat 17:00-da Aşgabadyň demir ýol menzilinden ugrap, Daşoguz şäherine ertesi 05:41-de barar. Ikinji ýolagçy otlusy bolsa Aşgabatdan 19:05-de ugrap, Daşoguz şäherine ertesi 07:51-de barar. Yzyna gaýdýan ýolagçy otlulary degişlilikde 18:00-da we 21:25-de Daşoguzdan ugraýar.

Otly peteklerini demir ýol menzillerinden we internet arkaly satyn alyp bilersiňiz. Petekleriň bahasy gidýän senesine, wagonyň görnüşine we baryljak ýere baglylykda üýtgeýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň