Soňky habarlar

Arhiw

Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açar, «FlyDubai» Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrdy, Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadasy açyldy we beýleki habarlar

11:0820.04.2023
0
35195

Türkmenistanda

1. Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen ilçihananyň açylyşy üçin Aşgabada geldi. Ol bu barada öz «Twitter» sahypasynda ýazdy we Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Koen Türkmenistana saparynyň çäklerinde şu gün ýurduň resmi adamlary bilen birnäçe duşuşyklary geçirer.

2. «FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny hepdede üç gezege çenli artdyrdy. 17-nji aprelden başlap, uçuşlaryň tertibine duşenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylýan howa gatnawlary goşuldy. Maý aýynda Türkmenistanyň paýtagtyna howa gatnawlarynyň ýygylygy hepdede dört uçuşa çenli artar. Petekler awiakompaniýanyň resmi saýtynda satylýar.

3. Aşgabatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda informatika dersi boýunça I Halkara Açyk internet olimpiadasy badalga aldy. Olimpiada dünýäniň dürli künjeklerindäki 50 ýokary okuw mekdebinden 450-den gowrak talyp gatnaşýar. Halkara akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary bäsleşigiň jemi jemlenenden soň yglan ediler.

4. 22-nji aprelde «Watan» kinokonsert merkezinde Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestriniň sazandalary tarapyndan taýýarlanan «Gündogaryň jadysy» atly konsert geçiriler. Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary konserte sagat 17:00-da we 19:00-da gatnaşyp bilerler.

5. 22-nji aprelde sagat 12:00-dan 14:00-a çenli «Aşgabat» seýilgähinde Ýer güni baýramçylygy mynasybetli çagalar üçin ussatlyk sapaklary geçiriler. Çagalar surat çekmek bäsleşigine, sport ýaryşlaryna, küýzegärlik, gül ekmek, asfaltda hek bilen surat çekmek boýunça ussatlyk sapaklaryna, şeýle hem Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň we «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň çärelerine gatnaşyp bilerler.

Dünýäde

6. Katar internet arkaly wiza almagy ýeňilleşdirdi. Indi ähli wizalary ozal dünýä çempionatynda janköýerleri hasaba almak üçin ulanylýan «Hayya» saýty arkaly resmileşdirip bolýar. Katara wiza almak üçin «Hayya» saýtyna resminamalary ýüklemeli we töleg geçirmelidir. Şeýlelik bilen, wizany resmileşdirmek 48 sagatdan köp wagt almaýar.

7. Italiýanyň ýolbaşçylary wandalizm we gadymy ýadygärliklere zeper ýetirmek üçin jezany has-da berkitmegi meýilleşdirýärler. Degişli kanunyň taslamasy Italiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurduň parlamentine hödürlendi. Ol kabul edilen ýagdaýynda şeýle hereket üçin jerimeler bäş belgili sanlar bilen hasaplanar – 10-dan 60 müň ýewro çenli. Şeýle hem wandallar jenaýat jogapkärçiligine çekiler.

Sport habarlary

8. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynda «A» toparçanyň üçünji diwizionynda Lýuksemburgyň toparyna garşy duşuşykda ýeňiş gazandy. Duşuşyk çarşenbe güni Keýptaun şäherinde geçirildi we 4:1 hasabynda tamamlandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Arslan Nuryýew, Pawel Barkowskiý, Arslan Geldimyradow we Döwlet Hydyrow şaýbany derwezä geçirmek bilen tapawutlandylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy GAR-da geçirilýän dünýä çempionatynda iki oýun oýnady. Ondan öň günorta afrikalylardan asgyn gelipdi. Baýram Allaýarowyň şägirtleri 20-nji aprelde Taýlanda garşy oýnarlar we 23-nji aprelde Taýwana garşy duşuşyk bilen ýaryşy tamamlarlar.

9. Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda Milanyň «Inter» topary Portugaliýanyň «Benfikasy» bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk «Juzeppe Meassa» stadionynda geçirildi we 3:3 hasabynda tamamlandy. Oýun gününiň başga bir duşuşygynda «Mançester Siti» «Bawariýa» bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Mýunhende geçirildi we 1:1 hasabynda tamamlandy. Iki duşuşykly gapma-garşylyklaryň netijeleri boýunça «Mançester Siti» we «Inter» ýarymfinala çykdylar. Olar ýarymfinalda degişlilikde, «Real» we «Milan» bilen duşuşarlar. Ilkinji ýarymfinal oýunlary 9-njy we 10-njy maýda geçiriler, finala çykmak üçin jogap duşuşyklaryny bolsa 16-njy we 17-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär. Klublaryň arasyndaky esasy ýaryşyň aýgytly oýny 10-njy iýunda Stambulyň Olimpiýa stadionynda geçiriler.

10. Türkmen türgeni Imran Ahundow Duşanbe şäherinde 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda geçirilen Aziýa tennis federasiýasynyň açyk çempionatynda altyn medal gazandy. Ahundow pakistanly türgen bilen bilelikde çykyş edip, jübütleýin tapgyrda iň ýokary baýraga mynasyp boldy. Ahundow baş tälimçi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda söýgüli sporty boýunça «Aşgabat» tennis akademiýasyny tamamlady.

11. Baýramaly şäherinden Jamaldin Hojanyýazowyň çykyş edýän «Akron» futbol kluby futbol boýunça Russiýanyň Kubogynyň Sebitleriň ýoly çempionatynyň 1/2 finalyň ikinji tapgyrynyň duşuşygynda Moskwanyň «Spartagyndan» üstün çykdy. Duşuşyk Žigulewskde geçirildi we öý eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň netijeleri boýunça «Akron» Russiýanyň Kubogynyň Sebitleriň ýoly çempionatynyň finalynyň birinji tapgyryna çykdy, «Spartak» bolsa ýaryşdan aýryldy. «Akronyň» Sebitleriň ýoly çempionatynyň finalynyň birinji tapgyryndaky bäsdeşi «Krasnodar» bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň