Turkmenportal logo
20.04.23
3784137841
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝÇL-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy
ÝÇL-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy

Milan şäheriniň «Inter» kluby Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda Portugaliýanyň «Benfika» topary bilen deň oýnady. «Juzeppe Meassa» stadionynda geçirilen oýun 3:3 hasabynda deňlikde tamamlandy.


Italýan klubynyň düzüminde Barella (14-nji minut), Martines (65) we Korrea tapawutlandy. «Benfikanyň» gollaryna bolsa Eursnes (38), Antoniu Silwa (86) hem-de Musa (90+5) awtorlyk etdi.


Şeýlelikde, toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Inter» iki oýnuň netijesine görä 5:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, ýarym finala adyny ýazdyrdy.


Günüň beýleki oýnunda «Mançester Siti» myhmançylykda «Bawariýa» bilen deň oýnady. Mýunhende geçirilen oýun 1:1 hasabynda gutardy.


Oýnuň 57-nji minutynda Holland «Mançester Sitini» hasapda öňe çykardy, bu gola ýer eýeleriniň oýunçysy Kimmih 83-nji minutda penaltiden jogap gaýtardy. Şeýlelik bilen, deslapky oýny 3:0 hasabynda öz peýdasyna tamamlan Pep Gwardiolanyň halypalyk edýän «Mançester Sitisi» ýaryşyň ýarym finalyna ýollanma aldy.


Şunlukda, ÝÇL-iň ýarym finalyna «Mançester Siti» «Real» bilen, «Inter» bolsa «Milan» bilen duşuşar. Ýarym final oýunlary 9-10-njy maý hem-de 16-17-nji maý günleri oýnalar.


ÝÇL-iň aýgytlaýjy oýny 10-njy iýunda Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler