Turkmenportal logo
20.04.23
3712337123
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ysraýylyň daşary işler ministri Aşgabada geldi
Ysraýylyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Koen sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Diplomatyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde resmi kabul edilşikler geçiriler, şeýle-de Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasy açylar. Bu barada E.Koen özüniň «Twitter» sahypasynda habar berdi. Onuň bellemegine görä:


— Ysraýylda Türkmenistan bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabatda ilçihanamyzyň açylmagy bolsa, Ysraýylyň sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirer.