Soňky habarlar

Arhiw

21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar

11:2814.04.2023
0
53464

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda 21-nji aprel Oraza baýramy mynasybetli dynç güni diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Resminamada şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär. Oraza baýramy ähli musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýyny tamamlaýar, şol döwürde musulmanlar agyz bekleýärler. Oraza baýramy Türkmenistanda 1998-nji ýyldan bäri milli baýramçylyk hökmünde bellenilýär.

2. Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew penşenbe güni geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Deňizdäki okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigine baryp, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçiripdi.

3. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen rus dili boýunça «Dil baýlygy – il baýlygy» II Olimpiadanyň jemi jemlendi. Bäsleşikleriň netijesinde ýeňijileriň 10-sy we baýrakly orunlary eýelänleriň 25-si kesgitlenildi. Olimpiadanyň Baş baýragyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyby Hojaberdi Hojaberdiýew mynasyp boldy. Olimpiada uzak aralykda test görnüşinde geçirilip. Rus dili boýunça talyplaryň arasyndaky bäsleşigiň onlaýn-meýdançasynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden jemi 115 talyp çykyş etdi.

4. Türkmenistanyň wekiliýeti Samarkantda geçirilen Owganystana goňşy ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy. Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Özbegistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen foruma Eýranyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

5. Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçirilen altynjy duşuşygynyň çäklerinde Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersitetine žurnalist hünärmenleri taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça GDA-nyň esasy guramasy derejesini bermek göz öňünde tutulýar. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

6. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz resmi saýtynda 2023/24-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň bakalawriat we birinji derejeli hünär taýýarlygy maksatnamalarynyň RF-niň Hökümetiniň bölüp beren orunlarynyň çäginde okuw üçin uzak aralykdan seçip alyş synaglarynyň tertibini çap etdi. Seçip alyş synaglary 2023-nji ýylyň 17 – 28-nji apreline çenli aralykda MFTI-niň internet platformasynda saýlanylyp alnan hünäre laýyklykda, iki ders boýunça uzak aralykdan synag görnüşinde geçiriler.

Dünýäde

7. Aýdymçy we aktrisa Ledi Gaga ABŞ-niň Medeniýet we sungat boýunça komitetiniň egindeş başlygy wezipesine bellendi. Ledi Gaga – üstünlikli aýdymçy, 13 sany «Gremmi» baýragynyň eýesi we häzirki zaman pop-medeniýetiniň iň meşhur we täsirli şahsyýetleriň biridir. «Time» žurnalynyň maglumatlaryna görä, Ledi Gaga dünýädäki iň täsirli adamlaryň sanawynda hem ilkinji ýüzlüge girýär. Aýdymçy haýyr-sahawat işleri bilen işjeň meşgullanýar we köpçülikleýin çärelere gatnaşýar.

8. Kambojada origami sergisi geçirildi we onda dört million töweregi kagyz ýürek görkezildi. Sergi Kambojada geçiriljek 32-nji Günorta-Gündogar Aziýa oýunlaryny we 12-nji ASEAN Paralimpiýa oýunlaryny goldamak üçin gurnaldy. Sergi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi we 2019-njy ýylda Beýik Britaniýadaky sergide 53 704 kagyz ýürek bilen goýlan öňki rekordy uly tapawut bilen yzda galdyrdy.

Sport habarlary

9. Serdar Azmun Belgiýanyň «Baýeriň» düzüminde Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynda «Ýunion» toparyna garşy gol pasy bilen tapawutlandy. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. 82-nji minutda türkmen gelip çykyşly eýranly hüjümçi topardaşy Florian Wirtsiň pökgini derwezä salmagyna kömek etdi. Azmun jerime meýdançasynyň serhedinde pökgini aldy we ony urgy üçin topdaşyna berdi. Toparlar bir hepdeden Brýusselde jogap duşuşygyny geçirerler.

Oýun gününiň beýleki duşuşyklarynda «Ýuwentus» «Sportingi» ýeňdi (1:0), «Feýenord» «Romandan» üstün çykdy (1:0), «Sewilýa» «Mançester Ýunaýted» bilen deňme-deň oýnady (2:2).

10. «Al-Nasr» toparyň baş tälimçisi Rudi Garsiýa bilen şertnamanyň bozulýandygyny habar berdi – Baş tälimçi Rudi Garsiýanyň iki tarapyň hem ylalaşygy esasynda klubdan çykandygyny habar berýäris. Ýolbaşçylar düzümi hem-de topardaky her bir adam soňky 8 aýyň dowamynda çeken yhlasly zähmeti üçin Rudä we onuň kärdeşlerine sagbolsun aýdýar – diýip, Saud Arabystanynyň klubynyň metbugat gullugy habar berýär. Saud Arabystanynyň çempionatynyň tamamlanmagyna alty duşuşyk galdy, «Al-Nasr» ýaryşyň sanawynda ikinji orny eýelemek bilen, birinji orundaky «Al-Ittihaddan» üç utuk yzda barýar.

11. Türkmen teleýaýlymy «Sport» Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ýaryşlaryny göni ýaýlymda görkezmegini dowam etdirýär. Bu hepde türkmen tomaşaçylaryna Angliýanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň we Italiýanyň iň gowy futbol klublarynyň gatnaşmaklarynda gyzykly oýunlar garaşýar.

12. Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň futbol boýunça birinji tapgyrynyň meýilnamasy şu gün «Köpetdag» – «Şagadam» oýny bilen başlaýar. Oýun «Aşgabat» stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen 17:30-da başlanar. Duşuşyga Çarymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň