Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramy 2023-nji ýylyň 21-nji aprelinde belleniler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Permana gol çekdi.
Permanda onuň ýerine ýetirilişini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.
Resminama täze taryhy döwürde türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlara aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklary gorap saklamak maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.