Türkmen wekiliýeti Owganystana goňşy döwletleriň mejlisine gatnaşdy

23:5613.04.2023
0
46921

Şu gün türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen Owganystana goňşy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň dördünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Özbegistanyň başlyklyk etmeginde geçen forumyň dowamynda türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda Eýranyň, Pakistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň hem-de Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda taraplar Owganystandaky çylşyrymly ýagdaýlar, ýurduň häzirki resmileri tarapyndan hökümet döretmek, zenanlaryň zähmet we bilim almak baradaky hukuklaryny üpjün etmek, milli azlyklaryň hukuklaryny ykrar etmek ýaly ählumumy jemgyýetçiligiň esasy talaplarynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermegiň, ýurtda milli ykdysadyýeti dikeltmek boýunça bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Owganystanyň çäginde goňşy döwletleriň gatnaşmagynda täze iş orunlaryny döretmek, ýurduň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagyny ýola goýmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň