Telefonlaryň, ykjam enjamlaryň, aksessuarlaryň we goşmaça esbaplaryň internet-dükany «Mobile tm» alyjylarynyň arasynda gymmat bahaly sowgatlar goýlan bäsleşik boýunça aksiýanyň dowam edýändigini habar berýär. Tutuş 2023-nji ýylyň dowamynda «Mobile tm-de» harytlary satyn almak bilen şu baýraklary utup bilersiňiz:
- 1-nji orun – «Apple» ykjam telefony;
- 2-nji orun – «Samsung» ykjam telefony;
- 3-nji orun – «Xiaomi» ykjam telefony.
«Mobile tm» internet-dükanynda näçe köp söwda edilse, şonça-da gymmat bahaly sowgat – ykjam telefon utmak mümkinçiligi artýar. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar, şol gün dükanyň saýtynda çäräniň netijeleri we ýeňijileriň atlary ýerleşdiriler.
– Dükanymyz tarapyndan guralýan aksiýa gatnaşmak Täze ýylda sowgat bilen özüňi begendirmek, şeýle hem ýokary hilli elektron we beýleki harytlary edinmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir – diýip, «Mobile tm» dükanynyň wekili gürrüň berdi.
«Mobile tm» saýtynda ykjam telefonlaryň (smartfonlaryň we düwmeli telefonlaryň), stasionar telefonlaryň, simsiz gulaklyklaryň, smart-sagatlaryň, öý üçin «akylly» enjamlaryň we beýlekileriň dürli görnüşleri hödürlenýär.
Saýtda sargytlar günüň dowamynda kabul edilýär, Aşgabadyň içine eltip bermek hyzmaty sagat 10:00-dan 18:00 aralygynda amala aşyrylýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90. IMO-daky sahypasy: (+993 65) 80 90 90. Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: