Soňky habarlar

Arhiw

«Mobile tm» internet-dükanynyň wekili saýta girip görmek üçin dört sany sebäbi aýtdy

09:5213.03.2023
0
31489

Ykjam tehnikalaryň we esbaplaryň (aksessuarlaryň) internet-dükany «Mobile tm-iň» wekili saýta girip görmegi we ondaky enjamlary satyn almak boýunça hödürlenýän aýratynlyklara baha bermegi teklip edýär.

Birinjiden, dükanda maşgala agzalaryňyz, esasan hem ýetginjekler üçin ajaýyp sowgat bolup biljek dürli mobil enjamlaryň, goşmaça gurluşlaryň, esbaplaryň (aksessuarlaryň) we sowgatlyklaryň (suwenirleriň) baý görnüşleri hödürlenýär. Bu ýerde simsiz gulaklyklary, smart-sagatlary, kompýuter oýunlary üçin joýstikleri, şeýle hem telefonlar üçin daşlyklary we köp sanly önümleri satyn alyp bilersiňiz.

Ikinjiden, «Mobile tm» dükanynda öý üçin akylly enjamlar hem hödürlenýär («Beýleki harytlar» bölüminde). Alyjylaryň dykgatyna gündelik durmuşdaky käbir meseleleri ýeňilleşdirýän hammam we aşhana üçin dürli görnüşli enjamlar we esbaplar hödürlenýär – gök önüm arassalaýjylar, hammam üçin halyjyklar, eplenýän oturgyçlar we stollar, elektron tereziler.

«Mobile tm» dükanyny saýlamagyň peýdalarynyň üçünji punkty –düwmeli telefonlary we smartfonlary onlaýn usulda satyn almak mümkinçiligi, olaryň hatarynda «Xiaomi» smartfonlarynyň dürli nusgalary, şeýle hem «ikisi bir ýerde» mümkinçilikli nusgalar hödürlenýär.

Şeýle hem bütin ýylyň dowamynda «Mobile tm» dükanyndan söwda etmek bilen gymmat bahaly sowgatly bäsleşige gatnaşyp bilersiňiz. Munuň üçin dükanyň saýtynda hasaba alynmaly we 2023-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli islendik günde söwda etmeli. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda geçiriler. «Mobile tm» internet-dükanynda näçe köp söwda edilse, şonça-da gymmat bahaly sowgat utmak mümkinçiligi artýar.

Habarlaşmak üçin «Mobile tm» dükanynyň maglumatlary:

- telefonlar: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90;

- IMO-daky sahypasy: (+993 65) 80 90 90;

- sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň