Turkmenportal logo
27.02.23
4098940989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Mobile tm» 2023-nji ýylyň ahyrynda alyjylaryň arasynda utuşly bäsleşik geçirer
«Mobile tm» 2023-nji ýylyň ahyrynda alyjylaryň arasynda utuşly bäsleşik geçirer

«Mobile tm» onlaýn-dükany 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda öz müşderileriniň arasynda gymmatly baýraklar goýlan utuşly bäsleşik geçirer. Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaşaýjylary mobile.com.tm saýtynda hasaba alynmaly we şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy dekabry aralygynda harytlary satyn almaly.


«Mobile tm» aşakdaky baýraklary goýýar:


1-nji orun – «Apple» öýjükli telefony;


2-nji orun – «Samsung» öýjükli telefony;


3-nji orun – «Xiaomi» öýjükli telefony.


12 aýyň dowamynda iň köp söwda eden müşderiler ýeňiji bolmaga mümkinçilik alarlar. Bäsleşigiň netijeleri «Mobile tm» saýtynda 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda yglan ediler.


Internet-dükanyň wekiliniň bellemegine görä, bäsleşige gatnaşmak – Täze ýylda özüňi begendirmek üçin mümkinçilikdir.


«Mobile tm» – häzirki zaman ykjam tehnikalaryň, goşmaça enjamlaryň we aksessuarlaryň internet-dükanydyr.


Arzalar saýtda gije-gündiziň dowamynda kabul edilýär we Aşgabadyň içine eltip bermek hyzmaty 10-00-dan 18-00-a çenli işleýär.


Habarlaşmak üçin onlaýn-dükanyň maglumatlary:


  • telefonlar: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90;
  • IMO: (+993 65) 80 90 90;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron salgysy: mobile.com.tm.


Şeýle-de okaň: