Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýük awiaparky ilkinji «Airbus» uçary bilen dolduryldy, Serdar Berdimuhamedow Katara resmi sapary amala aşyrar, Aşgabatda TSTB-2023 sergisiniň ikinji güni dowam edýär we beýleki habarlar

11:0118.03.2023
0
45808

Türkmenistanda

1. Aşgabadyň Halkara howa menziline «Airbus» kompaniýasynyň ýük göteriji uçary gelip gowuşdy. Howa gämisi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda fransuz kompaniýasy bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäklerinde gelip gowuşdy. Aerobus dürli görnüşli ýükleri uzak aralyga daşamak üçin niýetlenendir. Daşalýan ýüküň agramy 61 tonna çenli ýetip bilýär. Uçar Türkmenistana halkara ýük ugurlary ulgamyny işjeň ösdürmegi dowam etmäge mümkinçilik berer.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde Katara resmi sapary amala aşyrar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Kataryň arasynda bäş sany ýokary derejeli sapar amala aşyryldy. Şeýle-de hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli aragatnaşyklar ýola goýuldy.

3. Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işini dowam edýär. Türkmenistanyň hususy pudagynyň gazananlarynyň sergisi 23-nji marta çenli dowam eder. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 200-den gowrak kompaniýa bar. Ähli gyzyklanma bildirýän hünärmenler, işewürler we telekeçiler sergä baryp bilerler.

4. Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi we Leýbnis adyndaky Ewolýusiýa we biodürlülik institutynyň Tebigy taryh muzeýi özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Gol çekilen resminamanyň çäklerinde bilelikdäki gözleg taslamalaryny işläp düzmek boýunça, hususan-da biologiýa we Ýer hakyndaky ylymlar pudagynda hyzmatdaşlyk alnyp barlar.

5. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergiler merkezinde Nowruz baýramyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide 70-den gowrak suratkeşiň işi görkezilýär. Gözden geçiriş 27-nji marta çenli dowam eder.

Dünýäde

6. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 20-22-nji martda Russiýa döwlet saparyny amala aşyrar, onuň çäklerinde Prezident Wladimir Putin bilen duşuşar hem-de onuň bilen strategiki hyzmatdaşlygyň we möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşar. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň birnäçesine gol çekilmegine garaşylýar. Hytaýda döwlet Baştutanynyň Russiýa öňde boljak sapary iki strategik hyzmatdaşyň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da berkitmäge gönükdirilen dostluk sapary diýlip atlandyrylýar.

7. Sport haryt nyşanlary «Nike» we «Puma» futbol aýakgaplaryny öndürmek üçin tebigy kenguru derisini ulanmakdan ýüz öwürdiler. Kompaniýalar tebigy materialy aýratynlygy boýunça tebigy derä meňzeş sintetiki material bilen çalyşmagy meýilleşdirýärler. Kenguru derisi futbol oýnamak üçin sport aýakgaplaryny öndürmekde köp ýyl bäri ulanylýar, ony «Nike» we «Puma-dan» başga-da, «Adidas» hem peýdalanýar.

Sport habarlary

8. Nýonda Çempionlar ligasynyň çärýek final jübütleri üçin bije çekişlik geçirildi, onuň netijesi boýunça «Milan» «Napoli» bilen duşuşar, «Real» «Çelsi» bilen, «Mançester Siti» «Bawariýa, «Benfika» bolsa «Inter» bilen oýnar. 1/4 finalyň ilkinji duşuşyklary 11 we 12-nji aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 18 we 19-njy aprelde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň