Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana ilkinji «Airbus A330-200 P2F» ýük uçary getirildi

14:0217.03.2023
0
47247

«Airbus» Türkmenistana ilkinji «Airbus A330-200 P2F» ýük uçaryny iberdi. Uçar 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda fransuz kompaniýasy «Airbus S.A.S» bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda getirildi.

«Airbus A330-200P2F» dürli konfigurasiýaly ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenilendir. Daşalýan ýükleriň agramy 61 tonna ýetip biler. Şeýle uçarlar bilen ýüki 7,700 km uzaklyga eltmek mümkinçiligi bardyr. Şol bir wagtyň özünde, her bir tonna ýüki eltmegiň bahasy ep-esli azalýar.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň floty «Boeing», «Bombardier», «British Aerospace» we «ОКБ Ильюшина» tarapyndan öndürilen onlarça uçardan ybaratdyr.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Merkezi Aziýada «Airbus A330-200P2F» maşgala uçarlaryny öz flotuna goşan ilkinji kompaniýa bolar. Eltip bermek «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2013 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» çäginde amala aşyrylýar. «A330-200P2F» uçary awiakompaniýa halkara ýük ugurlary ulgamyny işjeň ösdürmäge we giňeltmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň