Soňky habarlar

Arhiw

Si Szinpin 20-22-nji martda Russiýada saparda bolar

17:5517.03.2023
0
28536

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 20-22-nji martda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça RF-da döwlet saparynda bolar diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berdi. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.

Gepleşikleriň barşynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, Kremliň habarynda bellenýär.

Şeýle-de, iki ýurduň döwlet Baştutanlary halkara gatnaşyklarynda rus-hytaý hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak babatda pikir alşarlar. Ikitaraplaýyn möhüm resminamalaryň gol çekilmegine hem garaşylýar.

Öz gezeginde «RIA Nowosti» neşiri RF-niň döwlet Baştutanynyň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowyň sözlerine salgylanyp, öňdäki duşenbede Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň metbugatda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy barada makala bilen çykyş etmekçidiklerini ýazýar.

Makala «Rossiýskaýa gazeta» we «Ženmin žibao» neşirlerinde çap ediler.

Uşakow şeýle-de Putin bilen Szinpiniň arasynda dostluga we birek-birege ynama esaslanýan gatnaşyklaryň kemala gelendigini belledi, muňa iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň birek-birek bilen dürli derejelerdäki 40-a golaý duşuşyklary hem güwä geçip biler diýip, ol aýtdy.

Uşakow Moskwa bilen Pekiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan kanagatlanýandyklaryny sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň