Soňky habarlar

Arhiw

ÝÇL: çärýek finalçylar garşydaşlaryny bildiler

16:4317.03.2023
0
39329

Şu gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde ÝÇL-iň çärýek we ýarym final duşuşyklaryna bije çekmek dabarasy boldy. Çekilen bijelere laýyklykda, ýaryşyň çärýek final oýunlarynda aşakdaky jübütler özara güýç synanyşarlar:

  • «Real» — «Çelsi»
  • «Mançester Siti» — «Bawariýa»
  • «Milan» — «Napoli»
  • «Inter» — «Benfika»

ÝÇL-nyň ýarym final oýunlary şeýle tertipde geçer:

  • «Real madrid»/«Çelsi» — «Mançester siti»/ «Bawariýa»
  • «Milan»/«Napoli» — «Inter»/«Benfika»

1/4 finalyň deslapky duşuşyklary 11-nji we 12-nji aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 18-nji we 19-njy aprelde geçiriler. Ýarym finalyň deslapky duşuşyklary 9-njy we 10-njy maýda, jogap duşuşyklary 16-njy we 17-nji maýda oýnalar.

Final oýny 10-njy iýunda Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Atatürk Olimpiýa» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň