«Standart Hyzmat» türkmen kompaniýasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

12:0722.02.2023
0
38548

Türkmenistanyň öňdebaryjy konsalting kompaniýalarynyň biri bolan «Standart Hyzmat» kompaniýasy firmalaryň, hususy kärhanalaryň ýolbaşçylaryny hem-de fiziki şahslary işewürligi ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşmak üçin duşuşmaga çagyrýar.
«Standart Hyzmatyň» bilermenleri işewürligi dolandyrmak pudagynda halkara standartlaryna laýyklykda maslahat berýärler, şeýle-de guramalara we Türkmenistanyň kärhanalaryna bäsdeşligi ýokarlandyrmak boýunça ýardam edýärler.

Bu ugurda häzire çenli «Standart Hyzmat» kompaniýasy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Aşgabat şäher häkimliginiň aýratyn möhüm desgalaryň gurluşygy boýunça direksiýasy, Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşyk boýunça komiteti, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, şeýle hem azyk önümçiligi we gurluşyk işlerini alyp barýan kärhanalar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdi.

Bu kärhanalaryň hatarynda «Türkmen senet» HJ, «Türkmen senagat» HJ, «Hojaly» HJ, «Parahat» HK, «Batly-Gadam» HK we köpsanly beýleki kärhanalar bardyr. «Standart Hyzmat» kompaniýasy «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetine bu babatda «Bold», «Buzz», «Näzli», «Hoşal», «7gen» haryt nyşanly önümlerini ISO 9001:2015 we FSSC 22000 standartlarynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmaga goldaw berdi. Häzirki wagtda bolsa «HALAL» standartynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak işleri geçirilýär.

«Merjen ýol» ulag-logistika kärhanasyna hil dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy we ISO 9001: 2015 sertifikatynyň alynmagy netijesinde kärhananyň öňünde täze mümkinçilikler açyldy. Mysal üçin, kärhanany dolandyrmak üçin amala aşyrylan yzygiderli çemeleşmeler has uly tenderlerde ýeňiş gazanmagy we halkara derejesinde daşary ýurtly müşderileri çekmäge şert döretdi.

Hyzmatlaryň giňişleýin sanawy kompaniýanyň resmi web saýtyndaky «Biziň hyzmatlarymyz» atly bölümçede ýerleşdirildi.

Söwda hyzmatdaşlygyny açmak teklibi bilen ýüz tutmak isleýänler «Habarlaşmak üçin» diýen bölümçede anketa dolduryp, şeýle-de kompaniýanyň info@standarthyzmat.com elektron poçtasy arkaly habarlaşyp biler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 64) 19 86 68; (+993 65) 71 81 86.

Kompaniýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk-9 köçesi, 1-nji gat.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň