Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Bahreýne ugrar, Mişustin Türkmenistandaky mekdebe roýal sowgat etdi, Azerbaýjan Baku bilen Türkmenbaşynyň arasynda gatnaw nyrhlaryny arzanladar we beýleki habarlar

10:5721.02.2023
0
42032

1. 2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Bahreýne ugrar. Bu sapar onuň geçen ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginden soňra Bahreýne ilkinji sapary bolar. Ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

2. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine roýal sowgat berdi. Russiýanyň premýer-ministriniň adyndan saz guralyny ilçi Aleksandr Blohin gowşurdy. Ol mekdebi bu ajaýyp sowgat bilen gutlady we iki döwletiň arasyndaky dostlugyň ösdürilmeginiň hem-de berkidilmeginiň wajyplygyny belledi.

3. 1-nji martda Aşgabatda Gruziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyrylar. Çäre Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Şypahanalary ösdürmek agentligi tarapyndan ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, onuň balneologiýa şypahanalaryny we maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrmak maksady bilen guralar. Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ähli gyzyklanma bildirýän guramalary, syýahatçylyk agentliklerini, hususy kompaniýalary we awiakompaniýalaryň wekillerini çärä gatnaşmaga çagyrýa.

4. 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, «Azerbaýjan Hazar Deňiz Gämiçilik» ÝGPJ Baku – Türkmenbaşy – Baku ugry boýunça iki tarapa hem awtoulag daşamalarynda nyrhlary arzanladar. Bir taraplaýyn ugur boýunça bir adaty tirkegli awtoulag üçin $1072 derek $1000 talap ediler. Iki tarapa hem öňünden petek satyn alnanda, gatnawyň nyrhy $1716 derek $1600 bolar. Häzirki wagtda gämide ýeňil awtoulagy daşamagyň nyrhy $325 derek $200 deňdir.

5. Özbegistan öz ýurdunyň raýatlaryna Türkmenistandan muzdsuz esasda iberilen suwuklandyrylan gazy paýlamaga başlady. Suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlary eýýäm Özbegistana bardylar. Ýangyç Garagalpagystanyň we Horezm oblastynyň ýaşaýjylarynyň arasynda paýlanýar. Özbegistanyň Energetika ministrligi ýangyjyň mätäçlik çekýän maşgalalara mugt paýlanjakdygyny habar berdi. Ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistana muzdsuz bermek hakynda Buýruga gol çekipdi.

Dünýäde

6. 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda batan kompaniýalaryň sanynyň rekord derejede artandygy hasaba alyndy. Ýewropanyň statistika gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda batandygy yglan edýän ýewropa kompaniýalarynyň sany has-da köpeldi. Üçünji çärýek bilen deňeşdirilende, batan kompaniýalaryň sanynyň ösüşi 26,8% deň boldy. Bu 2015-nji ýyldan bäri iň uly görkezijidir.

7. Beýik Britaniýada işe barmazlyk sebäpli iň gülkünç bahanalaryň sanawy düzüldi. Soňky ýylda şeýle bahanalaryň iň meşhury bolsa başga planetalylar tarapyndan alnyp gaçylmak boldy. «Alnyp gaçylandygyna» esaslanýan işe barmazaklaryň bellemeklerine görä, olara özlerine gelmek üçin wagt gerek bolupdyr, çünki olary diňe bir alyp gaçman, eýsem, başga planeta alyp gitdiler, galyberse-de, olaryň üstünde barlag geçirdiler.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy kibersport boýunça Federasiýanyň Kubogyny yglan etdi. «Dota 2» we «PUBG Mobile» ugurlary boýunça oýunçylar ýurduň milli ýygyndysynyň düzüminde orun almak we Kubogyň çempiony diýen ada eýe bolmak ugrunda bäsleşerler. Bäsleşikler 2023-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda geçiriler.

9. 23-nji fewraldan 5-nji marta çenli aralykda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri Russiýada geçiriljek «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlaryna gatnaşarlar. Bu ýaryşlarda Türkmenistan üç ugur boýunça – figuralaýyn typmak, şort-trek we gar woleýboly boýunça ýaryşlarda çykyş eder. Çäräniň açylyş dabarasy 25-nji fewralda Kemerowodaky «Kuzbass» buzly köşgünde geçiriler. ýaryşlara 13 ýurduň wekilleri, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we Mongoliýadan türgenler gatnaşarlar.

10. «Trabzonspor» Ýewropa Ligasynyň pleý-off duşuşygynyň petek satuwyndan gazanan girdejisini ýertitremäniň netijeleriniň öňüni almaga goldaw üçin bagyşlady. Toparyň metbugat gullugy klubyň Şweýsariýanyň «Bazel» toparyna garşy öz meýdançasynda geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça $328 455 gazanandygyny habar berdi. Ähli serişdeler Tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň netijeleriniň öňüni almak merkezine (AFAD) gönükdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň