Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Dota 2» we «PUBG Mobile» oýunlary boýunça kibersport ýaryşlary geçiriler

14:2320.02.2023
0
43636

Türkmenistanyň elektron sport federasiýasy (TmeSF) kibersport boýunça Federasiýanyň kubok ýaryşynyň bildirişini mälim etdi.

Oýunçylar «Dota 2» we «PUBG Mobile» oýunlary boýunça ýaryşmak bilen, milli ýygyndy topara saýlanyp hem-de Federasiýanyň Kubogynyň çempiony diýen ada mynasyp bolup bilerler diýlip, TmeSF-iň resmi saýtynda habar berilýär. Ýaryşlar 2023-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda geçiriler.

Federasiýanyň kubogy — bu Türkmenistanyň elektron sport federasiýasynyň her ýylda guraýan ýaryşy bolup, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasyna girizilendir. Geçen ýylda bu ýaryşa 300-den gowrak kibertürgen gatnaşdy.

14-nji fewralda Federasiýanyň kubogynyň «Dota 2» oýny boýunça ugruna hasaba alyş tamamlandy. Bu ýylda ýaryş tertipnamasy Single Elimination BO3 (üç oýundan iň gowusy), final tapgyrda bolsa BO5 (bäş oýundan iň gowusy) formatyna laýyklykda 8 toparyň arasynda geçiriler. Ýaryşyň ähli duşuşyklary onlaýn görnüşde bolar.

Belläp geçsek, bu ýaryş boýunça häzirki wagtda ýurduň çempiony «Galkynysh Esports» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň