Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine uly fortepýano saz guralyny sowgat etdi. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň Telegram kanalynda habar berildi.
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine Russiýanyň Premýer-ministriniň adyndan uly fortepýano saz guralyny gowşurdy. Ilçi mekdebi bu ajaýyp sowgat bilen gutlady we iki döwletiň arasyndaky dostlugy ösdürmegiň hem-de berkitmegiň möhümdigini nygtady.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Mihail Mişustin Türkmenistana bolan iş saparynyň çäginde Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine baryp görüp, ol ýerde talyplaryň işleriniň sergisine aýlandy we mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Anastasiýa Kostnikowanyň «Matematika we aýdym-saz» atly taslamasy bilen tanyşdy.
Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebi 2002-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistan bilen Russiýanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, 2002-nji ýyldan bäri hereket edýär. Bu mekdepde okuw sapaklary Russiýanyň döwlet bilim usullaryna laýyklykda geçirilýär. Mekdebiň uçurymlaryna rus nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Mekdebiň 10 gatly täze binasy 2009-njy ýylda açyldy. 2020-nji ýylda mekdebi düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak amala aşyryldy.
Häzirki wagtda mekdepde 1,5 müňden gowrak okuwçy bilim alýar.