Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda Bahreýn Patyşalygyna sapary başlanýar

23:3220.02.2023
0
50293
Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda Bahreýn Patyşalygyna sapary başlanýar
Surat: tdh.gov.tm

Bahreýn Patyşalygynyň «Al-aýam» gazetiniň şu gün beren habaryna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ertir bu ýurda sapar bilen barar.

Patyşalygyň resmi beýanatynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapary onuň döwlet wezipesine girişenden soňra Bahreýne amala aşyrýan ilkinji sapar bolar. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň we birnäçe kabul edilşikleriň bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekiler. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Bahreýniň käbir taryhy we häzirki zaman ýerleri bilen tanşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň