Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine ýok bolmak howpy abanýar

16:3608.02.2023
0
39922
ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine ýok bolmak howpy abanýar
Surat: aquariumbreeder.com

ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine we ösümlikleriň üçden birine ýitip ýok bolmak howpy abanýar, bu barada «Nature Serve» ylmy-barlag toparynyň maglumatlaryna salgylanýan «Habar 24» ýazýar.

Mundan başga-da ekoulgamlaryň 40 göteriminden gowragyna doly heläkçilik howp salýar. Olaryň hatarynda leňňeçler, kaktuslaryň käbir görnüşleri, hatda süýji suwda ýaşaýan midiýalar hem bar. Midiýalaryň ýitip ýok bolmagy has-da howpludyr, sebäbi olar suwy süzüp, derýalaryň arassalygyny üpjün edýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, haýwanat we ösümlik gorlarynyň ýok bolmagyndan Kaliforniýa, Tehas we ýurduň günorta-gündogary has ejir çekip biler.

Bu ylmy-barlaglar bilen ABŞ-dan we Kanadadan bolan hünärmenleriň bir müňe golaýy meşgullandy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň