Soňky habarlar

Arhiw

Biologlar dodo guşlaryny ýaşaýşa gaýtaryp getirmäge girişdiler

13:2602.02.2023
0
23619
Biologlar dodo guşlaryny ýaşaýşa gaýtaryp getirmäge girişdiler
Surat: rg.ru

«Colossal Biosciences» amerikan kompaniýasy dodo guşlaryny ýaňadan direltmek boýunça taslama başlandygyny habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýagny kompaniýa ýitip ýok bolan dodo guşlarynyň iň ýakyn urugdaşyny tapmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin olar DNK ulgamyny redaktirlemek arkaly ölüp giden bu guşlary ýaşaýşa gaýtaryp getirmek isleýärler. Dodo üçin iň golaý garyndaşlaryň nikobar gögerçinleridigi anyklandy.

Dodo guşlary (ýa-da mawrikiýa drontlary) mundan üç asyrdan gowrak öň adamlar tarapyndan gyrlyp gutarylýança Hindi ummanyndaky Mawrikiýa adasynda ýaşapdyrlar. Guşlaryň agramy 20 kilograma çenli ýetipdir, uçmagy başarmaýandyklary olaryň adamlar tarapyndan köpçülikleýin awlanmagyna sebäp bolupdyr. Galyberse-de, dodolar adamlardan asla gorkmandyrlar, bu bolsa olaryň ýitip ýok bolmagyny aňsatlaşdyrypdyr.

Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, dodolaryň dikeldilmegi haýwanat dünýäsine düýbünden täze, aýawly çemeleşmegiň nyşany bolar.

Alymlar şeýle-de mamontlardyr tasman gaplaňlaryny direltmegiň üstünde iş alyp barýarlar. Olaryň genomlary eýýäm «Colossal Biosciences» kompaniýasy tarapyndan sekwenirlendi diýlip habarda aýdylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň