2022-nji ýylda itleriň iň gowy fotosuratlary kesgitlendi

15:3020.01.2023
0
40703
2022-nji ýylda itleriň iň gowy fotosuratlary kesgitlendi
Surat: chayka.lv

Hünärmenler geçen ýyl boýunça itleriň iň gowy fotosuratlaryny saýladylar, ýagny «International Dog Photography Awards» bäsleşiginiň eminler topary bu ugurda ýeňijileri yglan etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Gürrüň her ýyl geçirilýän bäsleşik barada barýar, oňa diňe fotograf hünärliler däl-de, eýsem, ilkinji gezek eline surata düşüriji enjamy alanlar hem gatnaşyp bilýärler. Bäsleşigiň ýeňijilerine 500 ýewro pul sylagy gowşurylýar.

Bäsleşik «Portret we peýzaž», «Hereket», «Studiýa» hem-de «Itler we adamlar» ugurlary boýunça geçirilýär. Oňa dünýäniň 50 ýurdundan gatnaşyjylar dürli tohumdan bolan itleriň 1,5 müňe golaý fotosuratyny ýolladylar.

Şunlukda, «Portret we peýzaž» ugry boýunça ýeňiji Şweýsariýadan Daliýa Fişmann boldy, ol gar süýşgüninde halas ediji köpegiň suratyny iberipdir.

Surat: news.italy24.press

«Hereket» ugry boýunça italiýaly Françesko Mura päsgelçilikden geçýän itiň suraty bilen ýeňiji diýlip yglan edildi.

Surat: mir24.tv

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň