Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, «Onlaýn taksi» we «Duralga» ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar

11:2002.02.2023
0
33065

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň hatynda bellenilýär.

2. Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhana acyldy. Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişlidir. Dermanhana arakesmesiz we dynç günsüz sagat 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

3. ÝUNISEF Türkmenistanyň Bilim ministrligine howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze usulyýet gollanmalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň mugallymlary işlerinde ýörite özleri üçin taýýarlanan howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze usulyýet gollanmalaryny peýdalanarlar. Okuw gollanmasy howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy başlangyç we orta bilim maksatnamalarynyň tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, ýaşaýyş durmuş esaslary we oba hojalygy ýaly daşky gurşaw bilen baglanyşykly 5 sany dersine girizmek arkaly öwretmek tejribesini ýeňilleşdirmek üçin döredildi.

4. Aşgabatda görüş ukyby çäkli adamlaryň jemgyýete has gowy uýgunlaşmagyna gönükdirilen täze taslama badalga aldy. Taslamany «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Taslamanyň çäklerinde görüş ukyby pes we kör adamlary, şeýle hem sagdyn görüş ukyby bolan oýunçylary öz içine alýan 2 sany woleýbol topary döredildi.

5. 2022-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda ulanyşa girizilen «Onlaýn taksi» we «Duralga» ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler. Taksi çagyrmak we awtobuslaryň ugurlaryny yzarlamak üçin niýetlenen ykjam programmalar gysga wagtyň içinde türkmen paýtagtynyň internet ulanyjylarynyň arasynda iň meşhur programmalaryň sanawyna girdiler we pugta orun aldylar. Häzirki wagtda «Onlaýn taksi» ykjam programmasynyň hyzmatlaryndan ortaça 25 müňden gowrak adam peýdalanýar, «Duralga» ykjam programmasyny bolsa 60 müň töweregi ulanyjy ýükledi.

Dünýäde

6. 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Russiýada «Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda wizalary özara ykrar etmek we daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Bileleşik döwletiniň döredilmegi hakynda Şertnama gatnaşyjy döwletleriň çäklerine girmegi bilen baglanyşykly beýleki meseleler boýunça Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Kanun güýje girdi. Hökümetara Ylalaşyga 2020-nji ýylyň 19-njy iýunynda Minskde gol çekilipdi. Belarus we Russiýa 30 günüň içinde zerur bolan ähli içerki döwlet işlerini ýerine ýetirmelidirler we eýýäm 2023-nji ýylyň mart aýynda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar iki döwletiň haýsy hem bolsa biriniň wizasy hem-de şahsyýetini tassyklaýan resminamalary esasynda Belarusyň we Russiýanyň çägine girip, çäginden çykyp, ýurtda bolup hem-de döwletleriň çäklerinden üstaşyr geçip bilerler.

7. Katar 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan ýurda giriş üçin ýerli saglyk ätiýaçlandyryşyny talap edip başlady. Daşary ýurt raýatlaryna indi Kataryň Saglygy goraýyş ministrliginde hasaba alnan kompaniýalar tarapyndan berlen saglyk ätiýaçlandyryşy gerek bolar. Saglyk ätiýaçlandyryş haty 30 günüň dowamynda resmileşdirilýär we bahasy 50 katar rialyndan ybaratdyr. Ol heläkçilik bolan ýagdaýynda tiz kömek hyzmatlarynyň harajatlaryny üpjün edýär.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasy 2023-nji ýylyň 10-12-nji fewralynda Astanada geçiriljek Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça X Aziýa çempionatyna 5 sany türkmen türgeniniň gatnaşandygyny tassyklady. Baýmyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen türgenleri 60 metr aralyga päsgelçilikli ylgawda, şol aralyga adaty ylgawda we uzynlyga bökmekde çykyş ederler.

9. Türkmen derwezebany Rahat Japarow şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol toparyndan çykdy. Japarow erkin agent derejesini aldy. Ýatlatsak, ozal derwezebana Ermenistanyň, Belarusyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň çempionatlaryndan toparlaryň gyzyklanma bildirýändikleri habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň