Soňky habarlar

Arhiw

«Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy

17:2901.02.2023
0
59281

2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda işe girizilen «Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlaryna indi bir ýyl boldy. Taksi sargyt etmek we şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň hereketlerini yzarlamak hyzmatlarynyň ykjam goşundylary bu gysga döwrüň içinde türkmen paýtagtyndaky internet ulanyjylaryň iň köp peýdalanýan programmalaryna öwrüldi.

Bu günki günde «Onlaýn taksi» ykjam goşundysynyň hyzmatyndan ortaça 25 müňden gowrak adam peýdalanýar. Onlaýn hyzmatyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu hyzmatyň işlän ilkinji ýylynda «Hyundai» kysymly awtoulaglar Aşgabadyň çäginde 500 müňden gowrak ýolagçyny daşadylar.

2022-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen programma işläp taýýarlaýjylary onlaýn hyzmaty has kämilleşdirmek bilen, onuň täzelenen ykjam goşundysyny ulanyşa goýberdiler. Onda hünärmenler müşderileriň isleglerini we tekliplerini göz öňüne tutup, programmanyň mazmunyna 20 töweregi ululy-kiçili üýtgetmeleri girizdiler.

Aşgabat şäheriniň islendik ýerine gitmekde taksi sargyt etmek üçin ýörite setirde gerekli salgyny girizmek ýa-da ony kartadan görkezmek ýeterlikdir. Şeýle-de müşderiler taksi sargyt etmek üçin 0655 gysga telefon belgisine günüň islendik wagtynda jaň edip bilerler. Çünki «Onlaýn taksi» hyzmaty gije-gündiziň dowamynda işleýär.

Türkmen programmistleri tarapyndan taýýarlanan beýleki bir – «Duralga» ykjam goşundysy hem geçen ýylyň ahyryna täzelenmä eýe boldy. Ykjam goşundynyň täzelenen görnüşinde işläp taýýarlaýjylar «Ugur gurmak» funksiýasyny has sadalaşdyrdylar. Indi «Duralga» goşundysynda bary-ýogy birnäçe düwmeleri basmak arkaly müşderi awtobuslaryň A nokatdan B nokada çenli hereketiniň bar bolan mümkinçilikleri barada ýeňil maglumat alyp bilýär.

Häzirki güne çenli «Duralga» ykjam goşundysy internet ulanyjylar tarapyndan 60 müň töweregi gezek ýüklenip alyndy. Şäheriçi awtobuslaryň gatnaw ýygylygyny hem-de Aşgabat şäherinde ýerleşýän ähli duralgalary görkezýän «Ugurlar» we «Duralgalar» diýen bölümçeler ulanyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

  • «Onlaýn taksi» ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin: Android we iOS
  • «Duralga» ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin: Android и iOS
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň