Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNISEF bi­len Türkmenistanyň Bilim ministrligi orta mekdepleriň mugallymlary üçin gollanmalar toplumyny taýýarlady

11:5201.02.2023
0
45485
ÝUNISEF bi­len Türkmenistanyň Bilim ministrligi orta mekdepleriň mugallymlary üçin gollanmalar toplumyny taýýarlady
Surat: metbugat.gov.tm

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çä­gin­de umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň mu­gal­lym­la­ry üçin gol­lan­ma­lar top­lu­my taý­ýar­la­nyl­dy.

Bu gol­lan­ma­lar top­lu­myn­da BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň bi­ler­men­le­ri­niň hal­ka­ra tej­ri­be­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de türk­men alym­la­ry bi­len de­ger­li mag­lu­mat­la­ry jem­le­di­ler. Mek­dep mu­gal­lym­la­ry üçin ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak bo­ýun­ça usu­ly gol­lan­ma­lar top­lu­my­na Türk­me­nis­tan­dan hem bi­lim iş­gär­le­ri we­kil­çi­lik et­di­ler.

Gol­lan­ma­lar top­lu­my umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň 3-nji syn­pyn­dan ýo­ka­ry synp­lar­da oka­dyl­ýan bäş ders bo­ýun­ça kli­mat bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry gi­ňiş­le­ýin öw­retmäge ni­ýet­le­nen­dir. Has ta­ky­gy, te­bi­ga­ty öw­re­niş, ýa­şa­ýyş-dur­muş esas­la­ry, oba ho­ja­lyk zäh­me­ti, geog­ra­fi­ýa, eko­lo­gi­ýa ders­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ryn­da­ky te­ma­la­ryň in­te­rak­tiw usul­lar­da ge­çil­me­gi­ni we ça­ga­la­ryň öz­baş­dak ýu­muş­lar bi­len bu mö­hüm me­se­lede dü­şün­je­le­ri­niň art­ma­gy­ny ga­zan­mak gol­lan­ma­lar top­lu­my­nyň esa­sy we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň