Täze ýyl baýramçylyk keýpini bozmazlyk üçin geçen ýylyň şowsuzlyklaryny ýatlamak zyýanlydyr, munuň üçin ýeňişleridir bagtly pursatlary köp ýatlamak gerek diýip, russiýaly psiholog lukman Denis Dolgow gürrüň berdi.
Aslynda, täze ýylyň öňýanynda geçip barýan ýylyň jemlerini jemlemek däbe öwrülendir. Şunda bosagada duran ýylyň öňisyrasynda ýylyň jemlerini jemläp, geljek ýyla maksat bellemek hökman diýlip hasaplanýar. Emma lukmanyň aýtmagyna görä, bu iň zyýanly Täze ýyl däpleriniň biridir.
«Bu ýerde hökman çüwmedik arzuwlary hem ýatlamaly bolýar. Emma biziň psihikamyz adatça ýakymsyz täsir galdyran wakalary aýdyň ýatda saklaýar. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyk keýpimize ol wakalary ýada salmagyň ýakymsyz täsir etjekdigi gümansyzdyr» diýip, hünärmen aýdýar.
Şonuň üçin Täze ýylyň öňýanynda geçen ýylyň jemleri seljerilende, mümkingadar diňe ýakymly wakalary ýatlajak bolmaly. Şowsuzlyklar siziňem, töweregiňizdäkileriň hem keýpini bozup biler diýip, psiholog Denis Dolgow maslahat berýär.
Şeýle-de okaň: