RF-iň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümine üç aý öňünden ýazylmak mümkin bolar

13:2403.12.2022
0
38762
RF-iň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümine üç aý öňünden ýazylmak mümkin bolar
Surat: twitter.com/rusemb_tm

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümine käbir konsullyk hyzmatlary üçin üç aý öňünden ýazylmak mümkin bolar diýlip, ilçihananyň «Telegram» kanalynda habar berildi.

2022-nji ýylyň 28-nji noýabryndan başlap, kabul edilmegiň möhleti kesgitlenilýän we deslapky ýazgy talony resmileşdirilýän möhlet aşakdaky konsullyk hyzmatlary üçin üç aýa çenli artdyryldy:

  • Russiýa Federasiýasynyň raýatlygynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny görkezýän ýagdaýlary barlamak;
  • Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny almak (raýatlygyndan çykmak) üçin taýýar resminamalary tabşyrmak;
  • Wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsat meseleleri boýunça başlangyç maslahat we Türkmenistanyň çäginde jenaýat ýazgysynyň ýokdugyny hakynda kepilnama soramak (konsullyk bölüminde wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsat boýunça ýüz tutýanlar üçin);
  • Russiýa Federasiýasynyň raýatynyň 10 ýyl möhleti daşary ýurt pasportyny (täze görnüşli pasport) / adaty daşary ýurt pasportyny (5 ýyl möhletli) resmileşdirmek üçin resminamalary tabşyrmak.

Hasaba alyş möhletiniň artmagy Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň Konsullyk Bölüminde kabul ediljek senesini öňünden bilmäge mümkinçilik berýär we her gün garaşýanlaryň sanawyndaky arzany tassyklamak zerurlygyny aradan aýyrýar.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Konsullyk bölümi şu salgyda ýerleşýär: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11-nji jaý (howludan girilýär). Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312940741 (iş günleri sagat 9:30-dan 16:00-a çenli).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň