Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 21 ýaşdan kiçi şahslara temmäki önümlerini satmak gadagan edildialkogol we temmäki önümlerine goşmaça tölegleriň möçberleri artdyryldy, Koreýadan awtobuslaryň täze tapgyryny satyn almak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar

11:1401.12.2022
0
36166

1. Türkmenistanda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Kanuna üýtgetmeler güýje girdi. Üýtgetmeler islendik temmäki önümini satyn almak üçin iň kiçi ýaş görkezijisi bilen baglanyşyklydyr. Üýtgetmelere laýyklykda, ýurtda 21 ýaşdan kiçi şahslara temmäki önümlerini satmak gadagan ediler. Mundan başga-da, Kanunda temmäki önümleri satylýan ýerlerde 21 ýaşa ýetmedik şahslara temmäki önümlerini satmagyň gadagandygyny duýdurýan ýazgylary ýerleşdirmegiň wajypdygy bellenilýär.

2. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda öndürilýän alkogol önümlerine hem-de ýurda getirilýän alkogol we temmäki önümlerine goşmaça tölegleriň möçberleri üýtgediler. Şeýlelikde, ýurtda öndürilýän güýçli spirtli içgileriň goşmaça tölegleriniň möçberleri gümrük nyrhyndan 53%-den 61%-e çenli, Türkmenistanyň çägine getirilýän temmäki önümleriniň goşmaça tölegleriniň möçberleri bolsa 93%-den 116%-e çenli artdyryldy.

3. Türkmenistan Koreýa Respublikasyndan köp adama niýetlenen awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň uly tapgyryny satyn alamgy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda bu mesele ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana 2 müňe golaý ýeňil awtoulaglaryň we ýolagçy awtobuslarynyň iberilendigini bellemek gerek.

4. «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda raýatlaryň harby gulluga çagyrylyş möhletini yza süýşürmek üçin esaslary kesgitlenildi. Kanunda umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere harby gulluga çagyrylyş möhletiniň yza süýşüriljekdigi bellenilýär.

5. Russiýanyň daşary işler ministri sergeý Lawrow we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow 6-njy dekabrda Moskwada gepleşikleri geçirerler. Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin Russiýa barar. Taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini, şeýle hem iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

6. Aşgabatda «Näme? Nirede? Haçan?» bäsleşiginiň sport görnüşi boýunça çempionat geçirildi. Bäsleşige ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylaryndan we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda zehin bäsleşiklerine gatnaşyp gelýän tejribeli oýunçylardan düzülen 20 topar gatnaşdy. Bäsleşikde hersi 12 sowaldan ybarat bolan 5 tapgyr oýnaldy. Bu ýylda «Wa-Bank» topary Türkmenistanyň çempiony boldy.

7. Ýakyn wagtda Ýewropanyň awiakompaniýalarynda uçarlarda öýjükli telefonlary öçürmek, has takygy, olary uçuş tertibine geçirmek gerek bolmaz. Uçarlarda simsiz 5G aragatnaşyk ulgamy peýda bolar, ol gönüden-göni uçuş wagtynda mobil aragatnaşykdan we internetden peýdanalmaga mümkinçilik berer.

8. Nýu-Ýorkda geçiriljek bäsleşikli söwdada iň meşhur Golliwud filmleriniň rekwizitleri satuwa çykarylar. Satuwa jemi 400 lot çykarylar, olaryň biri – Arnold Şwarsneggeriň janlandyran Terminator gahrymanynyň süren meşhur motosiklidir. Motosikliň başlangyç bahasy – 125 müň dollar. Şeýle hem «Willi Wonka we şokolad kärhanasy» filmindäki altyn petek we «Ar alyjylar: Final» filmindäki Kapitan Amerikanyň galkany alyjylara garaşýar.

9. Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasy 2011-2016-njy ýylda doglan türgenleriň arasynda üç günlük bäsleşik geçirdi. Bäsleşige 62 türgen gatnaşdy, olar erkekleriň we zenanlaryň aralarynda ýekeleýin duşuşyklarda güýç synanyşdylar. 3 günlük bäsleşigiň netijeleri boýunça oglanlaryň arasynda Nazim Durdyýew ýeňiji boldy, gyzlaryň arasynda bolsa Elina Ahmedowa öňe saýlandy. Bäsleşik Türkmenistanda stol tennisiniň meşhurlygyny artdyrmak, türgenleriň arasynda zehinlilerini ýüze çykarmak, şeýle hem stol tennisiniň körpeje ussatlary bilen geçirilen işleri seljermek maksady bilen guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň