Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Koreýadan awtobuslary we awtoulaglary satyn almakçy

14:2230.11.2022
0
27232

Türkmenistan Koreýa Respublikasyndan uly mukdarda awtobuslary we awtoulaglary satyn almakçy.

Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.

— Awtoulag ulgamynda örän netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzire çenli Koreýa Respublikasyndan Türkmenistana 2 müňe golaý ýeňil awtoulag we ýolagçy awtobuslary iberildi — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň täze sanynda habar berildi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow koreý awtomobil tehnikasynyň we enjamlarynyň satyn alynýan möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşylýandygy bellenildi. Gürrüň köp adama niýetlenen awtobuslaryň we ýeňil awtoulaglaryň täze, uly tapgyry barada barýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň