Täze ýyly nähili reňkler bilen garşy almaly

09:1501.12.2022
0
30945

Gara Suw Towşany 2023-nji ýylyň nyşany boldy. Hytaýyň Aý senenamasyna görä, geljek ýylyň howandary maşgalanyň we söýginiň tarapdarydyr.

Ria.ru saýtynyň astrolog Ýuliýa Rolnigiň sözlerine salgylanyp habar bermegine görä: «Suw Towşany özünde iki sany esasy energiýany – Agajyň we Suwuň energiýasyny saklaýar».

Hünärmeniň bellemegine görä, Agaç – bu ösüş, sagalmak we döredijilikdir, Suw bolsa – rahatlyk, azatlyk we parahatçylykdyr.

Gara Suw Towşanynyň göwnünden turmak üçin Täze ýyl geýimleriniň reňkleri saýlanylanda esasy reňklere we tebigy öwüşginlere üns bermeli. Towşana gök, çal, mawy, gülgüne, gyzyl, melewşe we gara reňkler ýaraýar.

Towşan sintetikany, şeýle hem çylşyrymly egin-eşikleri we aksessuarlary halamaýar. Esasy zat – rahatlyk we sadalyk.

Çeşmeler: kp.ru ria.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň