Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen öndürijileri «Kinder-sýurpriziň» nusgasyny döretdiler

10:5026.11.2022
0
28596

«Altyn Ýunus» türkmen kompaniýasy hususy konditer önümini – içi sowgatlyk oýunjakly şokolad ýumurtgasyny döretdiler.

Üstümizdäki ýylda täze önümiň tanyşdyryşy boldy. kärhana şokolad süýjüliginiň iki görnüşini öndürdi – «Bubu» we «Eggi». Olar gyzjagazlar we oglanjyklar üçin niýetlenen görnüşlere bölünýär, şeýle-de Täze ýyla bagyşlanan nusgalar hem bardyr.

Süýjüligiň içindäki sowgatlaryň görnüşleri dürli-dürlüdir: supergahrymanlar, şagyzlary, haýwanjyklar, robotlar we ulaglar. Oýunjaklaryň jemi 1 000-e golaý görnüşi bardyr.

Türkmen öndürijisi «Altyn Ýunusyň» konditer we un önümleri, sakgyçlary, süýjülikleri diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, onuň daşynda hem meşhurlyk gazanandyr.

Kompaniýada nygtaýyşlary ýaly, sarp edijileriň isleglerini ýokary hilli we tagamly önümler bilen kanagatlandyrmak üçin kärhanada hemişe üznüksiz tertipde iş alnyp barylýar.

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň wekilleri bilen habarlaşmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 95 06 04, (+993 12) 95 06 17.

Kompaniýanyň merkezi ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 172-nji jaý.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň