Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen BAE bardy, «Turkish Airlines» Aşgabada iki ýolagçy gatnawyny gurar, Türkmenistan Hytaýa iberilýän gazyň möçberini artdyrdy

11:0422.11.2022
0
24907

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine geldi. Türkmen Lideri we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Abu Dabide gepleşik geçirdiler. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

2. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabada iki sany ýolagçy gatnawyny amala aşyrar. Uçuşlar 26-njy we 28-nji noýabrda amala aşyrylar. Ýatlatsak, türk awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap, iki ýyllyk arakesmeden soň, Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi. Stambul – Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlar hepdede iki gezek çarşenbe we penşenbe günleri amala aşyrylýar.

3. 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistandan Hytaýa gaz geçirijisi arkaly iberilýän gazyň bahasy 8,23 milliard dollara barabar boldy, bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53% köpdür. Türkmenistan gaz geçirijisi arkaly Hytaýa ýangyç iberýän döwletleriň arasynda birinji orny eýelemegini dowam etdirýär.

4. Geljek hepdede Türkmenistanda ýyly, güneşli we gurak howanyň boljakdygy çaklanylýar. Tutuş hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň günortasynda howanyň +19… +24 °C aralygynda, käbir günler bolsa kä ýerlerde +25 °C-dan ýokary boljakdygy bellenilýär. Ýurduň günortasynda käbir günlerde gijelerine iň pes temperatura +10 °C-dan ýokary bolar.

5. 4-nji dekabrda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti tarapyndan guralýan «Winter Cup 2022» atly zehin bäsleşigi geçiriler. Ähli isleg bildirýänler – toparlar we aýratyn oýunçylar ýaryşa gatnaşmaga çagyrylýar; ýaş çäklendirmeleri ýok. Bir toparda 8 adama çenli gatnaşyjy bolup biler. Bäsleşige gatnaşmak mugt, emma ýerler çäklidir.

6. Türkmenistanyň maldarlary gyşa taýýarlyk işlerini tamamlaýarlar. Möwsüm üýtgemezden ozal iýmit binýadyny üpjün etmek we haýwanlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek möhümdir. Türkmenistandaky käbir iri toplumlar iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin öz ýerlerini ulanýarlar. Aralyk möwsümde mallar weterinar lukmanlarynyň aýratyn ünsüne we güýçlendirilen iýmitlenişe mätäçdir.

7. Türkmen haryt nyşany «Däp» özboluşlylygyňy dürli şekilde şöhlelendirmek üçin täze «Däp Community» atly çäkli egin-eşik toplumyny taýýarlady. Toplumyň düzümine ýyly hudiler, göni biçüwli balaklar, joggerler, köýnekler we kombinezonlar girýär. «Däp» haryt nyşanly egin-eşikleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli dükanlaryndan satyn alyp we täze görnüşleri bilen tanşyp bilersiňiz.

8. Türkmenistan 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EXPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlanýar. Osakadaky Milli pawilionyň taslamasy taýýarlamak we gurluşygyny alyp barmak üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi halkara bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli bolan resminamalary 21-nji dekabra çenli aşakda görkezilen tabşyrylmaly: Aşgabat, Arçabil şaýoly, 52-nji jaý.

9. Şu gün, 22-nji noýabrda Parižde Fransiýanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçiriler, gepleşikleriň netijesinde Luwrda özbek medeniýetine bagyşlanan sergini açmak meýilleşdirilýär. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýet, medeniýet we energetika pudaklarynda özbek-fransuz hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

10. Angliýanyň ýygyndysy Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda bolan duşuşykda Eýranyň toparyndan 6:2 hasabynda üstün çykyp, uly ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň duşuşygy Doha şäherindäki «Halifa» halkara stadionynda geçirildi. Iňlisler arakesmä çenli hasaby 3:0 etdiler. Oýnuň ikinji ýarymynda Eýranyň ýygyndysynyň düzümine Serdar Azmun goşuldy, emma Lewerkuzeniň “Baýeriniň” hüjümçisi toparyna kömek edip ýetişmedi. Netijede, Angliýanyň ýygyndysy üç utuk toplap, «B» toparçada öňdeligi eýeledi. Eýranyň ýygyndysynyň bolsa hiç hili utugy ýok.

Günüň beýleki oýunlarynda Niderlandlaryň ýygyndysy Senegaly 2:0 hasabynda ýeňdi, ABŞ we Uels toparlarynyň arasynda bolsa ýeňiş gazanan bolmady – 1:1.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň