Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda BAE-de saparda bolar, Türkmenbaşydan Gyzylsuw adasyna gämi petekleri onlaýn satuwa çykaryldy, Lebap welaýatynda çöldäki ilatly nokada gaz çekildi

10:1919.11.2022
0
25939

1. 21-22-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-de resmi saparda bolar. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. 1995-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurtlaryň arasyndaky Hökümet we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklar ýola goýuldy.

2. Türkmenbaşydan Gyzylsuw adasyna we yzyna deňiz gatnawyny amala aşyrýan «Çarlak» we «Rowaç» ýolagçy gämilerine petekleriň onlaýn satuwy ýola goýuldy. Petekler «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň resmi saýtynda satylýar. Gämiler bu ugur boýunça gündelik gatnawlary amala aşyrýarlar. Amatly howa şertlerinde gämi Türkmenbaşydann sagat 11: 00-da ugraýar.

3. Saýat etrabynyň çöllük ýerinde gurlan täze ilatly nokada gaz geçirijisi çekildi. Onuň uzynlygy 1,5 müň metre deňdir. Bu ýerde gaz paýlaýyş nokatlary hem oturdyldy.

4. 4-nji dekabrda Aşgabatda «Linkin Park», «Scorpions», «Queen», «Metallica», «Kino» we beýleki rok toparlarynyň aýdym-saz kompozisiýalary we aýdymlary ýerine ýetiriler. Tahyr Ataýewiň orkestri üçin saz gurallarynda gaýtadan işlenen «Rock Vol.2» konserti «Watan» kinokonsert merkezinde geçiriler.

5. Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylary bölek söwda nokatlarynda ilkinji zerurlygy bolan önümleriň bahasynyň ýokarlandyrylmagyny gadagan etdi. BAE-niň Ykdysadyýet ministrliginiň rugsady bolmazdan bahasynyň ýokarlanmagy gadagan edilen harytlaryň sanawyna ösümlik ýagy, un, şeker, ýumurtga, guş, tüwi we kösükliler, süýt önümleri, çörek we bugdaý girýär.

6. Londonda britan suratkeşi Dewid Hokniniň immersiw sergisi açylar. Immersiw sergi adaty sergiden kompýuter tehnologiýasy esasynda myhmanlarda suratyň «içine aralaşmak» täsirini döredýändigi bilen tapawutlanýar. Tomaşaçy diňe bir suraty görenok, göýä, onuň içinde ýaly bolup, sýužetiň bir bölegine öwrülýär.

7. Aşgabatda thekwondo boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Bäsleşige ýurduň ähli sebitlerinden onlarça türgen gatnaşdy. Toparlaýyn sanawda Mary welaýatynyň ýygyndysy ýaryşyň ýeňijisi boldy. Tälimçi Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalary 15 gezekden hem gowrak münberiň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Aşgabat şäheriniň ýygyndysy toparlaýyn sanawda ikinji orny eýeledi.

8. Türkmen türgenleri Tokioda geçiriljek dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Türkmenistanly 12 türgen dünýäniň 66 ýurdundan gelen toparlar bilen bilelikde Pariž – 2024 Olimpiadasyna gatnaşmak üçin medallar we reýting utuklary ugrunda bäsleşer. Türkmenistanyň erkekler toparyna sekiz adamdan, zenanlar topary bolsa dört adamdan ybaratdyr. Tokiodaky ýaryş 3-4-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň