Turkmenportal logo
05.11.22
3587135871
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» noýabr aýynda dört sany ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrar

«Turkish Airlines» noýabr aýynda Aşgabatdan Stambula dört sany ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada «Atavatan-Turkmenistan» habar berdi.


«TK4913» reýsleri 2022-nji ýylyň 14-nji, 19-njy, 21-nji we 26-njy noýabrynda amala aşyrylar.


Uçarlar Aşgabatdan 18:45-de uçup, 20:55-de Stambul howa menziline gonar.


Ozal «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Stambuldan (Türkiýe) Türkmenbaşy (Türkmenistan) şäherine we yzyna uçuş gatnawlaryna başlandygyny habar beripdik.


Stambul — Türkmenbaşy — Stambuldan ugur boýunça uçuşlar hepdede iki gezek çarşenbe we penşenbe günlerinde amala aşyrylýar.


«Turkish Airlines»-iň Stambul (Türkiýe) —Türkmenbaşy (Türkmenistan) — Stambul uçar gatnawlarynyň petekleriniň bahasy 400 dollardan başlaýar.
1933-nji ýylda döredilen «Turkish Airlines» häzirki wagtda 129 ýurtda 340 ugur boýunça gatnawlary amala aşyrýar. Onuň flotunda 388 uçar bar.