Soňky habarlar

Arhiw

«Stella» haryt nyşanynyň resmi paýlaýjysy MDF panelleriň giň görnüşlerini müşderilere hödürleýär

12:0522.10.2022
0
29483

Döwrebap interýeri döretmekde 3D paneller aýratyn meşhurlyga eýe boldy. Olaryň beýle ähmiýetli hasap edilmegi ýöne ýerden däldir, sebäbi olaryň özboluşly peýdaly aýratynlyklary bardyr. Olar ses we ýylylyk izolýasiýasyny üpjün edýärler, diwarlaryň kemçilikli ýerlerini ýapýarlar, şeýle-de gurşawyň giňligini wizual ulaldyp-kiçeldip bilýärler.

Türkmenistanda bu babatda diwar we potoloklar üçin niýetlenen 3D panelleriň köpdürli görnüşlerini MDF panel önümçiliginde öňdebaryjy rus öndürijileriniň biri bolan «Stella» haryt nyşanynyň resmi paýlaýjysy — telekeçi Umyda Kadyrowa hödürleýär.

Russiýanyň plastmassa we agaçdan gaýtadan işlenilýän önümlerden taýýar önümleri taýýarlamakda öňdebaryjy orunlary eýeleýän «Stella» haryt nyşanynyň önümleri ýokary hili we uzak möhlete hyzmat edýändigi bilen tapawutlanýar.

MDF panelleri tebigy agaçdan ýasalyp, ekologik taýdan arassadyr we gurşawda sagdyn howany saklamak üçin amatlydyr. Bu çagalaryň otaglary üçin aýratyn möhümdir. Bezeg elementi hökmünde hem 3D paneller islendik interýerde ajaýyp bezegi döredýär: ýatylýan we myhman otagdan başlap, aşhana, dälize hem-de hammama çenli bu bezegler özboluşly täsire eýe bolup biler.

Suwy goraýjy maddalar bilen yzygiderli üpjün edilmegi netijesinde olar çişmelere çydamly bolup bilýär, goşmaça gaýtadan işlemegi talap etmeýär hem-de temperaturanyň pese düşen ýagdaýynda-da çydamlylygyny saklaýar.

MDF panelleriň ýerleşdirilişi we olaryň ulanylyşy barada has giňişleýin maglumatlary resmi paýlaýjynyň Aşgabat, Türkmenbaşy, Balkanabat hem-de Hazar şäherlerindäki dükanlaryna ýüz tutup alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin salgylar:

  • Aşgabat ş., Oguzhan we Ankara köçeleriniň çatrygy, Blok A, 106-njy dükan, iş wagty — sagat 9:00-dan 18:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+ 993 65) 68 62 52;
  • Aşgabat ş., Berkarar SDAM, 0-njy gat, A46b «Görk» dükany, iş wagty — sagat 10:00-dan 20:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 12) 46 81 04, (+993 64) 92 18 81;
  • Aşgabat ş., «Ak Tam Bazary» terminal toplumy, E Blok, №37, №38, №39 dükanlar. Telefon belgileri: (+993 65) 68 62 18, (+993 65) 68 62 52;
  • Türkmenbaşy ş., 69-njy kwartal, «Nurly» market. Telefon belgileri: (+993 65) 17 26 00;
  • Balkanabat ş., Garaşsyzlyk köçesi, 212-nji kwartal, «Şanly bedew» dükany, iş wagty — sagat 9:00-dan 19:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 63) 87 95 25;
  • Hazar ş., Täze bazar, «Öý bezegler» dükany, iş wagty — sagat 9:00-dan 19:00-a çenli. Telefon belgileri: (+993 65) 43 42 42.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň