«Ussa TM» ykjam goşundysyndaky abatlaýyş we gurluşyk harytlary yzygiderli täzelenýär

10:4431.08.2022
0
17748

«Ussa TM» ykjam goşundysyny işläp taýýarlaýjylar türkmenistanlylara onlaýn dükanda has amatly we oňaýly satyn almak üçin ýetirilýän harytlaryň üstüni yzygiderli täzeläp durýarlar.

Gurluşyk işleri hemişe köp wagt alýar, bu abatlaýyş gurallaryny we materiallaryny saýlap almak babatda hem şeýle. «Ussa TM» ykjam goşundysynyň kömegi bilen bu harytlary has ýerlikli görnüşde satyn almak üçin öýden çykmak hem zerur däldir.

Onlaýn dükandan müşderi islendik gerekli bolan harydyny tiz saýlap alyp, onuň bahasyny deňeşdirip görüp, Aşgabat şäheriniň we Änew şäherçesiniň islendik ýerine sargyt edip biler.

Bary-ýogy birnäçe minudyň dowamynda raýatlar dükandan hojalykda peýdalanylýan gurluşyk üçin möhüm bolan daş bloklary, kerpiçleri, agaçlary, armaturalary, sementleri we beýleki harytlary dessine sargyt edip alyp bilerler.

Abatlaýyşda köplenç el-ýüzde bolmaly zerur enjamlaryň we materiallaryň hem tapdyrmaýan ýagdaýlary bolýar. Bu halatda hem dükandan onlaýn sargyt esasynda çekiçdir çüýleriň dürli görnüşini, gurluşyk köpürjigini, şrup towlaýjylary, ýelimleri we beýleki zatlary amatly bahadan tapmak bolýar. Bu ýerde gurluşyk işi bilen gündelik meşgullanýan ussalar ýa-da käýarym özbaşdak abatlaýyş işlerini ýerine ýetirýänler üçin islege görä harytlar ýetirilýär.

«Ussa TM» ykjam goşundysynyň ýaňy-ýakynda ulanyşa goýberilendigine garamazdan, eýýäm Google Play internet dükanynda oňa köp sanly oňyn teswirleriň ýazylýandygyny görmek bolýar. Goşundynyň has tapawutly aýratynlygy hökmünde bolsa ulanyjylar harytlaryň ýeňil sargyt edilýändigini, şeýle-de olary tiz we amatly eltip bermek hyzmatlarynyň üpjün edilýändigini belleýärler.

«Ussa TM» ykjam goşundysyny Android we iOS platformalary üçin ýükläp alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň