«Ussa TM» goşundysynda öý bezeginde ulanylýan keramogranit önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär

12:5125.08.2022
0
25141

Berkligi bilen tapawutlanýan keramika-granit önümleriniň öý bezeglerinde giňden ulanylmagy dünýäde gün-günden has meşhurlyga eýe bolýar. Bu önümleri Türkmenistanyň çäginde satyn almak bolsa iOS hem-de Android operasion ulgamly smartfonlar üçin niýetlenen «Ussa TM» ykjam goşundysynda has elýeterlidir.

Ykjam goşundyda hödürlenilýän harytlaryň hatarynda keramogranit önümleriniň islendik göwrümdäki interýere laýyk geljek dürli reňkdäki görnüşleri we ölçegleri bar.

Dizaýnerler keramograniti diňe bir diwarlary örtmek üçinem däl, eýsem diwarlary aýrybaşgalaşdyrmak üçin-de ulanýarlar. Dürli-dürli plitalaryň bölekleri özara birleşdirilip ajaýyp sazlaşygy, çeperleşdirip aýdylanda özboluşly sungat eserini emele getirip biler.

«Ussa TM» ykjam goşundysynda keramogranitleriň görnüşlerine syn etmek edil nakgaşlyk sungat galereýasyna syýahat eden ýalydyr. Gözelligi boýunça tapawutlanýan, täsin tebigy materiallardan we reňk berijilerden taýýarlanan çyzgylar ajaýyp täsirleri bagyş edýär.

Şunuň bilen bir hatarda «Ussa TM» ykjam goşundysynda öýleri abatlamakda we gurluşyk işlerinde giňden ýardam berjek müňlerçe dürli harytlary tapmak bolýar. Bu ýerden gurluşyk materiallarynyň ähli görnüşini, şol sanda reňkleri we emulsiýalary, pol örtüklerini, yşyklandyryş serişdelerini, santehnika enjamlaryny we beýleki harytlary satyn alyp bilersiňiz. Dükanda harytlaryň yzygiderli üsti ýetirilýär.

Dükandan sargyt edilen harytlaryň tölegini eltilip berlenden soň nagt tölemelidir. Ýakyn geljekde bolsa söwdanyň tölegini bank kartlary bilen amala aşyrmagy ýola goýmak meýilleşdirilýär. Dükanyň harytlary häzirlikçe diňe Aşgabat şäheriniň we Änew şäherçesiniň çägine eltilip berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 72 55 42.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň