Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomus aýlary üçin içki howa gatnawlarynyň tertibini mälim etdi, mekdep bazarlary tutuş Türkmenistan boýunça okuwçylara garaşýarlar, döwlet eýeçiligine degişli 25 sany desga satuwa çykaryldy

11:0004.08.2022
0
8232
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomus aýlary üçin içki howa gatnawlarynyň tertibini mälim etdi, mekdep bazarlary tutuş Türkmenistan boýunça okuwçylara garaşýarlar, döwlet eýeçiligine degişli 25 sany desga satuwa çykaryldy

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasyň resmi saýtynda 2022-nji ýylyň tomus aýlary üçin Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlar boýunça howa gatnawlarynyň tertibi köpçülige ýetirildi.

2. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan «Türkmenistanda COVID-19-a jogap» taslamasynyň çäklerindäki Türkmenistana ultrases enjamlary, kardiomonitorlar, defibrillýatorlar, infragyzyl termometrler we pulsoksimetrler gelip gowuşdy.

3. 17-nji awgustda sagat 10.00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi www.е.fineconomic.gov.tm döwlet emläkleriniň söwdasynyň sanly meýdançasynda we bu platformanyň mobil goşundysy arkaly döwlet eýeçiligine degişli desgalaryň söwdasyny geçirer. Döwlet eýeçiligine degişli 25 sany desga satuwa çykaryldy.

4. Durmuşyny roll we suşi bolmazdan göz öňüne getirip bilmeýänler üçin «Online Food» ýapon aşhanasynyň tagamlaryndan lezet almak mümkinçiligini hödürleýär, tagamlar Aşgabadyň içine amatly bahadan eltip berilýär. «Bagtly sagatlarda» – sagat 12-den 18-e çenli 3 adamlyk roll ýa-da suşi sargyt edip, 4-njini sowgat hökmünde alyp bilersiňiz. Aksiýa hepdäniň iş günlerinde dowam edýär. Mundan başga-da, «Online Food» arkaly 300 manatlyk we ondan ýokary nyrhly nahar sargyt edip, 15% diskont kartyna eýe bolarsyňyz.

5. Türkmenistanyň Söwda ministrligi tarapyndan ýurduň ähli künjeklerinde mekdep bazarlary açyldy. Bu ýerde okuwçylar üçin täze okuw ýylynda gerek bolan ähli esbaplary satyn alyp bilersiňiz.

6. «Berkarar» söwda merkezindäki «Mavi» dükany jinsileriň we trikotaž önümleriniň ähli görnüşleri üçin arzanladyş yglan etdi. Awgustyň aýagyna çenli alyjylar 50% amatlylyk bilen täze egin-eşikleri satyn alyp bilerler.

7. Kanadanyň konditer önümleriniň söwdasy boýunça internet-kompaniýasy süýjüleri dadyp görüji (degustator) wezipesiniň açylandygyny mälim etdi. Dalaşgärlere öýünde süýjüleri dadyp görmek üçin ýyllyk 78 müň dollar zähmet hakynyň tölenjekdigi habar berilýär. Hünärmeniň borçlaryna sakgyçlary, karamel we şokolad süýjülerini dadyp görmek, soňra bolsa ýörite hasabat taýýarlamak bilen, firmanyň işgärleriniň haýsy önümleri internet saýtynda satmaly, haýsylaryny satmaly däldigini kesgitlemekleri üçin habar bermek wezipeleri girýär.

8. Beýik Britaniýanyň kenarýaka zolaklarynda 175 ýylyň dowamynda adam ilkinji gezek akulanyň hüjümine sezewar boldy. Bu zyýan çeken bolsa ýüzüji zenandy. Akula britaniýaly zenanyň aýagyndan dişläpdir, emma ol garşylyk görkezip, bu ýyrtyjydan uzaklaşmagy başarypdyr.

9. Basketbolyň 3x3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary V Yslam raýdaşlyk oýunlaryna taýýarlyk görýärler. Milli ýygyndylaryň türgenleşikleri Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilýär. Esasy toparlary saýlamak üçin Türkmenistanda stritbol boýunça Kubok we çempionat geçirildi diýip, çeşme habar berýär. V Yslam raýdaşlyk oýunlary 2022-nji ýylyň 9-18-nji awgusty aralygynda Konýa şäherinde (Türkiýe) geçiriler.

10. Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde thekwondo boýunça Koreýa Respublikasynyň ilçisiniň Kubogy ugrunda bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň thekwondo federasiýasy we Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guraldy. Ýaryşa Türkmenistanyň iň güýçli 130-dan gowrak türgeni gatnaşdy. Türkmenistanda bu ugurdan dürli derejeli bäsleşiklere gatnaşýan 500-den gowrak türgen bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň