«Online Food» eltip berme hyzmaty «Bagt sagatlary» aksiýasyny yglan etdi

11:1603.08.2022
0
13408

Suşi we roll tagamlarynyň lezzetini halaýanlar üçin «Online food» hyzmaty ýapon aşhanasynyň bu täsin iýmitleriniň datly tagamyny duýmagy hödürleýär. Tagamlar sargyt esasynda Aşgabat şäheriniň çägine ýeňillikli eltilip berilýär.

«Online food» hyzmatynyň «Bagt sagatlary» atly aksiýasyna laýyklykda, müşderiler her sargyt eden 3 sany suşi ýa-da roll tagamy üçin dördünji tagamy mugt alyp bilerler. Aksiýa Duşenbe günden Anna güne çenli 12:00-dan 18:00 aralygynda dowam edýär.

Mundan başga-da, «Online food»-dan 300 manatlyk we ondan köp möçberde edilen sargyt üçin müşderi dükanyň 15% arzanladyşly kartyny alyp biler. «Online food» dükanynyň hünärmeniniň aýtmagyna görä, bu häzirki wagtda bu kartlaryň sany çäklidir.

«Online food» suşi we roll tagamlarynyň nusgawy, bişirilen, ajy, peýnirli we wegetarian görnüşleri ýaly 60-dan gowrak görnüşini taýýarlaýar. «Online food»-da şeýle-de maşgala agşamlygy, işewürlik duşuşygy ýa-da kiçi bolmadyk oturlyşyk üçin niýetlenen bitewilikdäki tagamlar bar.

Eltip berme hyzmatynyň hünärmenleri bu ýerde taýýarlanylýan ähli tagamlaryň tejribeli suşiçi-aşpezler tarapyndan diňe ter we ýokary hilli önümlerden ýerine ýetirilýändigini nygtap geçýärler.

Bellesek, ýapon aşhanasynyň bu tagamlary diňe bir datlylygy bilen däl-de, eýsem ýokumly we peýdaly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, bu tagamlarda köplenç gabat gelýän deňiz balygy kalsiý, ýod ýaly maddalara baý bolup, Omega-3 ýaly peýdaly madda hem eýedir, soý sousy bolsa köp mukdarda aminokislotlary özünde jemleýär, wasabiniň bakteriýalara garşy aýratynlygy bar, marinadlanan imbir bolsa oksidantlara garşy örän gowy önüm hasap edilýär.

«Online food» hyzmatynyň tagamnamasy bilen tanyşmak ýa-da Aşgabadyň çägine sargyt etmek üçin sosial media ulgamyndaky hasabyna, şeýle-de (+993 64) 04 90 00 telefon belgisi arkaly ýüz tutup bilersiňiz. Suşi we roll tagamlarynyň eltip berme hyzmaty 12:00-dan 23:00-a çenli işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň