Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mekdep bazarlary işläp başlady

08:0903.08.2022
0
10793

Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýetip gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde Aşgabat şäheriniň dürli söwda merkezlerinde mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy. Şeýle bazarlar ýurduň beýleki welaýatlarynda hem işläp başlady diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan, eýýäm ençeme ýyldan bäri däbe öwrülen mekdep bazarlarynda Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalary, türkmen telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen önümler müşderilere ýetirilýär.

Bazarlardaky okuw esbaplary diňe bir ýokary hilliligi bilen tapawutlanman, eýsem, göze gelüwliligi bilen-de alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna» haryt nyşany bilen alyjylara hödürlenýän okuw esbaplary owadan binalaryň suratlary bilen-de bezelipdir.

Tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şagalaň bilen geçirýän çagalar şu günler söwdasy gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny höwes bilen satyn alýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň