Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň finalyna çykdylar

18:4926.07.2022
0
10582

Türkmen woleýbolçylary Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň ýarym finalynda Özbegistany ýeňdiler. Duşuşyk 3:0 (25:20, 25:10, 25:15) hasabynda Türkmenistanyň peýdasyna tamamlandy.

Finalda Türkmenistanyň ýygyndysy Gazagystan-Gyrgyzystan jübütliginiň ýeňijisi bilen çempionlyk ugrunda güýç synanyşar.

Woleýbol boýunça Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň aýgytlaýjy oýny 27-nji iýulda geçiriler. Şeýle-de üçünji orun üçin boljak oýun hem şol gün oýnalar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda 7 utuk bilen — Gazagystany 3:2 (19:25, 20:25, 25:21, 25:22, 15:13) we Gyrgyzystany 3:2 (28:26, 17:25, 25:21, 23:25, 15:8) hasaplarynda ýeňip, şeýle-de Özbegistandan 3:0 (25:18, 25:13, 25:10) hasabynda rüstem gelip, birinji ýeriň eýesi hökmünde ýarym finala çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň