Soňky habarlar

Arhiw

VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar

09:5523.06.2022
0
18464
VI Hazar sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri mälim edildi, Maryda Medeniýet hepdeligi açyldy, basketbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşar we beýleki habarlar

1. 29-njy iýunda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammiti geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

2. Mary şäheriniň Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdiliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ähli sebitlerinden döredijilik toparlary gatnaşdylar. Baýramçylyk çäreleri 27-nji iýuna çenli dowam eder. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde konsertler guralar, çeper filmleriň ilkinji görkezijilişi we döredijilik duşuşyklary geçiriler.

3. «Awtoyoly» kompaniyasy ätiýaçlyk şaýlaryny 3D printerde taýýarlamagy ýola goýdy. Awtomobilleriň plastik bölekleri köplenç döwülýärler ýa-da olara dürli görnüşde zeper ýetýär. Şeýle ýagdaýda olary çayşmaly bolýar, käwagtlar bolsa hakyky bölege meňzeşini tapyp bolmaýar. Şeýle ýagdaýlarda «Awtoyoly» awtohyzmatlar merkezi we dükany awtomobil üçin gerek bolan ätiýaçlyk şaýlaryny plastik materiallardan taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär. Has anyk maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 75-40-09.

4. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriniň şekillendiriş we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisi açyldy. Gözden geçirilişde görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň portretleri ýerleşdirildi.

5. Aşgabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» söwda merkeziniň 3-nji gatynda ýerleşýän «Mähirli Zenan» gözellik salony erkek we aýal dellekçileri işe çagyrýar. Iş wagty sagat 9:00-dan 22:30-a çenli. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgisi: +99312 955942.

6. Iýun aýynyň 23-den 24-ne geçilýän gije asmanda seýrek astranomik hadysa bolup geçer – planetalar bir hatara düzülerler. Giňişlikde bäş sany planeta – Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter we Saturn bir hatar bolup görünerler.

7. Ýaponiýanyň «Bunkaizai Kozo Keikaku» kompaniýasy itler üçin «Inudono» atly özboluşly öýjagazlary öndürip başlady. Adamyň iň ýakyn dostuna niýetlenen bu jaý nusgawy ýapon usulynda ýerine ýetirilendir. Şol sebäpden hem onuň bahasy $150 müň amerikan dollaryna deňdir, bu nyrh täze «Tesla S Plaid» ulagyndan hem gymmatdyr.

8. Basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler we aýallar ýygyndylary basketboluň 3x3 görnüşi boýunça Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionata gatnaşarlar. Bu halkara ýaryş Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň gatnaşmaklarynda 6-10-njy iýul aralygynda Singapurda geçiriler. Türkmenistanyň erkekler we aýallar ýygyndylarynyň gatnaşmaklarynda saýlama tapgyrynyň duşuşyklary iýul aýynyň 6-7-si aralygynda dowam eder.

9. Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen çagalar we ýetginjekler Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň «Dostluk» topary 2007-2008-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda üçünji Ýewraziýa toparlaýyn futbol çempionatyna gatnaşar. Halkara bäsleşik 26-njy iýundan 4-nji iýula çenli Moskwa şäherinde geçiriler.

10. Erkin göreş boýunça türgen Azymberdi Aşyrgulyýew erkin göreş boýunça kadetleriň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda 45 kg çenli agram derejede bürünç medala mynasyp boldy. Baýrak ugrundaky tutluşykda türkmenistanly türgen Mongoliýa wekilçilik edýän Munhtugs Amgalandan 10:1 hasabynda üstün çykmagy başardy.

Erkin göreş boýunça ýaşlaryň we kadetleriň arasynda geçirilýän Aziýa çempionaty 26-njy iýunda tamamlanar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy eýýäm üç medal eýelemegi başardy, şol sanda bir altyn we iki bürünç.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň